6) ÖZBEKİSTAN ATASÖZLERİ

Yayin Tarihi 14 Aralık, 2010 
Kategori TÜRK ATASÖZLERİ

Özbekistan Atasözleri

 OZBEKISTAN

——————————————————————————–

VİKİPEDİ

Yorumlar

“6) ÖZBEKİSTAN ATASÖZLERİ” yazisina 4 Yorum yapilmis

  1. Mehemmed Abbasov yorum tarihi 13 Ekim, 2013 15:50

    NE GUZEL SOZLER.BUNLARI EMAILME NASIL AKTARIYIM??

  2. Has Türkmen yorum tarihi 26 Ekim, 2017 21:47

    TÜRIMEN TARYHY

    ▶ ÖZBEGISTAN TÜRKMENLERI

    ♣ “Günorta Özbegistandaky türkmenleriñ ýerleşişiniñ taryhy barada”
    (XIX asyryñ ortasy – XX asyryñ başy).

    1. XI asyryñ ortalaryndan başlap Amyderýanyñ ýokary akymynda ýerleşýän oblastlarda türkmenler mesgen tutupdyrlar (S.G.Agajanow “Oguzlaryñ we Orta Aziýa türkmenleriniñ IX-XII asyr oçerki”, Aşgabat-1969).

    Termezden başlap garşa çenli bolan giñ oblast Şeýbany han basyp alanyndan soñra özbekleriñ goñrat taýpasynyñ ýurduna öwrüldi. Türkmenleriñ bir bölegi bu ýerleri taşlap gidipdir, galanlary bolsa kem-kem özbek sredasyna goşulyp gidipdir. Türkmenleriñ Kelifden ýokary Amyderýanyň kenar ýakalaryna gaýtadan göçüp gelmegi, takmyn XIX asyryñ ortalarynda başlapdyr, bu hakda rus syýahatçylarynyń takyk maglumatlary bar. 1875-nji ýylda Buhara emiri Muzaffaryñ pitneçi ogly Abdylkerim tarapyndan talanan özbekler-goñratlar daga gaçmaly bolupdyrlar. Şondan soñra Orta Amyderýa raýonlaryndan Şerabat begligine garyplaşan türkmenleriñ göçüp barşy hakda N.A.Maýewiñ habary (1875) iñ irki maglumatdyr (N.A.Maýew “Gissar ülkesiniñ içerki – Türküstan ülkesi üçin statistik materiallar”. “Ежегодник”, täze seriýa, V goýberiş. СПБ-1879).
    Türkmenleriň Termezden Kelife çenli göçüp barşy hakdaky rus syhaýatçysynyñ habary Orta Aziýany raýonlaşdyrmak boýunça materiallar bilen, şeýle-de, 1926-njy ýylyñ ilat ýazuwynyñ maglumatlary bilen tassyklanylýar. Şu habaryñ maksady – şol maglumatlary awtoryñ 1970-1980-nji ýyllarda geçiren etnografik barlaglarynyñ materiallary bilen berkitmek.

    2. 1926-njy ýyldakt Orta Aziýany raýonlaşdyrmak boýunça materiallarda görkezilen wagt aralygynda Amyderýanyň sag kenarynda 3.825 türkmen adamy hasaba alnypdyr. Olardan 1190 saryk, 1015 ärsary, 1620 şyhlar. Emma mende saryklar hakynda maglumat ýok. Türkmenler 12 obada ýaşapdyrlar. Olaryñ iñ ulusy Pattakeser. (Çuşka güzer geçelgesiniñ ýanynda). Bu ýerde ir wagt aradan çykan häkim Muhammet ibn Aly Termeziñ neslinden bolan şyhlar ýerleşipdirler. (K.Ataýew “Şyh türkmenleriniň döreýşi boýunça käbir maglumatlar. TIIAE AN TSSR, 8-nji tom, Aşgabat-1963).

    Bu topar Mawzoleýiñ ýanynda ýaşapdyr. Beýleki obalarda ärsarylar ýaşapdyrlar: Hanman, Çakyş we Aral obalarynda güneş nesli, Akdepe obasynda – bekewül nesli, Şurap Maýmyntukaý, Garakamar we Boldyr obalarynda – ulugdepe nesli. Soñkuda gulomlar (raýularyñ ata-babalary, assimilleşen türkmenler) hem ýaşapdyr. Üçtut obasynda-da gulomlar ýaşapdyr. Surhanderýanyñ aýaklarynda, onuñ çep kenarynda Juñjeññel diýen oba bolupdyr, bu ýerde bekewül we gara atly ärsary türkmenlerinden başga hem çagataýlar (ýerli oturymly halk) bolupdyr. Ýene gündogarda, Babatag daglarynda, Uklan we Saýkan diýen tebigy çäklerde baý türkmenler öz sürülerini bakypdyr. 1924-nji ýylda sowet hökümetiniň gelmegi bilen olar Owganystana geçipdirler.

    3. Orta Amyderýanyñ medeni suw alan ýerlerinde – takyr zonalarda esasan ärsary türkmenler ýerleşmeli bolupdyr. Suw režiminiń durnuksyzlygy sebäpli täze ýerden hem kähalatlarda ýeri üýtgetmeli bolupdyr. Etnografik maglumatlar türkmenleriñ täze ýeri nähili özleşdirişini yzarlamaga-da mümkinçilik berýär, däp bolan hojalyk hünäri olara ülkäniñ ykdysadyýetinde öz ornuny eýelemäge we ýerli halklar – özbekleriñ dürli toparlary, täjikler, araplar we ş.m. bilen hoşniýetli goñşuçylyk gatnaşygyny saklamakda kömek edipdir. N.Fewralew 1890-njy ýyllaryñ başynda “Takyr zolakdaky türkmenler haly, palas, keçe taýýarlapdyrlar, balyk tutmak we beýleki kenara Pattakeser, Çuşka güzer, Kelif we Kerki taraplara geçirip kireý etmek bilen meşgullanypdyrlar” diýip ýazypdyr. (N.Fewralew “Penje zolagynyñ we Amyderýanyň sag kenary, Kaly-Wançdan Amyderýa çenli” “Военный сборник” 1895, N9).

    Kafirnigan derýasynyñ orta akymynda türkmenleriñ balykçylyk we balyk duzlaýşy (ol ýerde duz çeşmeleri) bolupdyr hakda N.A.Maýew ýazypdyr. Kafirnigan düzlüginden türkmenler gara öýüň agajyny taýýarlamak üçin tal agaçlaryny äkidipdirler.

    4. Emma gaýyklary karzyna alyp işletmek, balykçylyk täze göçüp gelenleriñ we pukaralaryñ gapdaldan edýän işi bolupdyr. Türkmenler suw alan ýerlerde takyr arassalapdyr, kanal geçiripdir we esasan ýeri özleşdirmek bilen meşgullanypdyr. Esasy ekinleriñ biri hem jöwen bolupdyr. Tokaý zonanyñ demirgazyk boýunda goñşuçylykda ýaşaýan özbek-goñratlar ony gawuna höwes bilen çalşypdyrlar. Türkmenleriñ bagy we üzümçiligi bolupdyr. Olar has hem özleriniñ döreden ak miweli tut agajy bilen, şeýle hem bu ülkeleriñ bazarynda belli bolan dänew üzüminden hem ileri tutulýan igdesi bilen şöhratlanypdyr. Türkmenlerden goñşulary dürli enjamlary, derýa gaplary, agaçdan edilen zatlary (gap-gaçlary, ýag ýaýylýan enjamlary) alypdyrlar. Türkmenler goñşularyndan, şol sanda goñratlardan bakja önümlerini: gawun, kädi, gap ýerine ulanylýan dadis (köplenç alyş-çalyş edip) alypdyrlar, sebäbi olaryñ ýerleri Şurap derýasynyň şor suwy bilen ýuwlupdyr we şol önümleroñ ýokary hilli bolmagyna kömek edipdir. Mundan başga-da, goñratlar bugdaýy we arpany türkmenler bilen ýörite turşy bulamak taýýarlamak üçin jöwene almaşlapdyrlar, sebäni ol arpadan beýle bir tagamly bolmandyr. Köýten gerişleriniň günbatar eññitlerinde ýaşaýan täjikler ownuk haly önümleri (bu ýerde täjikler bütin ýyl gara öýde ýaşapdyrlar), türkmenler bolsa täjiklerden el degirmeni üçin daş (žernowa), derman otlary, mumyýany alypdyrlar. Türkmenler täjikleriñ bazar obasy Paşhurddan, edil Şerabatdaky ýaly, küýze gap-gaçlary, aýratynam suw üçin ýörite küýzeleri, şeýle hem, süýji we beýleki senetçilik önümlerini alypdyrlar.

    5. Tokaý zonadaky türkmenleriñ durmuşynda tebigy şertler we goñşular bilen hemişe gatnaşmak käbir ýakynlyklara getiren hem bolsa, olar öz milli aýratynlyklaryny saklapdyr. Meselem, türkmenler, kenar ýakadaky özbekler ýaly, bütin ýyl, esasan gamyşdan edilen (tegelek we gönüburçly) kepbede ýaşapdyrlar. Jaýyñ içindäki bezegler, şonuñ ýaly-da, egin-eşikleriñ özboluşlylygy saklanypdyr, milli-gatyşyk nikalar örän az bolupdyr.

    © B.H.KARMYŞEWA

    line.me/R/ti/p/@kpm7016r

  3. Has Türkmen yorum tarihi 26 Ekim, 2017 21:48

    TÜRKMEN TARYHY

    ▶ GARAGALPAGYSTAN TÜRKMENLERI

    1. Milli bitewilikden bölünip giden türkmenleriñ 100 müñe golaýy häzirki günde Garagalpagystanda ýaşaýar. Olar bu ülkä – ýaşap oturan ýerlerine, belli bir wagtda däl, aýry-aýry ýyllarda göçüp barypdyrlar. Taryhy maglumatlaryñ, ýerli türkmen ýaşulylarynyñ berýän gürrüñlerine görä, türkmenler (atalar) ilkinji gezek Allaguly han (1825-1842) döwründe, takmynan 1825-1830-njy ýyllarda, ikinji gezek hem han (Muhammmet Emin 1845-1855) bilen bolan ylalaşyga görä, 1855-nji (luw) ýyly köpçülikleýin derýadan gaýra geçýärler. Aradan onça wagt geçmänkä, beýleki taýpalar (gökleñ, arabaçy, igdir, düýeji) hem göçüp barýarlar. Täze mekana göçüp gelen türkmenler öñden çañap ýatan boz meýdany (alan atlyk ýerlerini) özleşdirmekde, suw desgalaryny gurmakda örän köp zähmet çekýärler. Agyr durmuşda güzeran geçirýärler.

    2. 1873-nji ýylyñ II ýarymyndan başlap türkmenleriñ bu mekany rus patyşasynyñ, 1917-nji ýylyñ ahyrynda hem sowet häkimiýetiniñ ygtyýaryna geçýär. Öñki düzgün-tertip, salgyt-töleg, gün-güzeran düýbünden üýtgeýär. Ýerli halk bilen bir hatarda türkmenler-de ezilmekligiñ başga-başga görnüşlerine sezewar bolýarlar.

    3. Türkmenler hojalykda çarwaçylyk, az-kem hünärmentçilik, esasan daýhançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Türkmene mahsus el hünäri bolan haly, palas, kilim, çuwal, torba, horjun we ş.m. harytlary dokamaklyk hem ünsden düşürilmändir. Olar ýaly işler heniz-henizler hem dowam edýär.

    4. Türkmenleriñ tutuş oba bolup ýaşaýan ýerlerinde milli özboluşlyklar (geýim, şaý-sep, aýdym-saz) durnukly saklanýar. Garyndaş halklar (özbek, garagalpak) bilen aralaşyp ýa-da duldegşir oturanlarynda egin-eşik, däp-dessurlar köp halatlarda ýerli milletleriñki ýaly bir umumylyga eýe. Bu ýagdaý olaryñ dilinde hem açyk duýulýar.

    5. Bilim almak meselesi bularda hem, beýleki ýerlerde bolşy ýaly, jemgyýetiñ gurluşyna görä özgerip durupdyr. Geçmişde obasaýyn dini mekdepler (metjitler) bolup, onda arap dilinde okadylypdyr. Uly medreseler hanlygyñ merkezinde – Hywada bolupdyr. Soñky döwlet öwrülişiklerinde bolsa rus, ýerli we milli dillerde okapdyrlar. Häzirki günde Garagalpagystanda bar bolan 30-a golaý türkmen mekdepleriniñ köpüsinde (türkmenleriñ kowçum oturan obalarynda) ýaşlara türkmen dilinde, milli taýdan azlyk edýän ýerlerinde ýerli (özbek, garagalpak) dilinde sowat öwredilýär.

    6. Toý-märekelerde at çapdyrylyp, göreş tutdurylýar. Türkmen bagşylary milli saz guralynda saz çalyp, aýdym aýdýarlar. Olaryñ repertuarynda türkmen klassyklarynyñ (Magtymguly, Kemine, Mollanepes we başg.) sözüne degişli aýdymlar, “Görogly”, “Şasenem-Garyp”, “Hüýrlukga-Hemra” ýaly halk dessanlary uly orun tutýar.

    © S ARAZKULYÝEW.

    line.me/R/ti/p/@kpm7016r

  4. 1) TÜRK ATASÖZLERİ - Yeniden Ergenekon : Yeniden Ergenekon yorum tarihi 25 Mayıs, 2018 01:55

Yorum yap