527) MISIR’DA KÖLELİKTEN DOĞAN TÜRK DEVLETLERİ

Yayin Tarihi 17 Şubat, 2011 
Kategori TÜRK DÜNYASI

MISIR’DA KÖLELİKTEN DOĞAN

TÜRK DEVLETLERİ

image00121.jpg

——————————————————————————–

Arap Devletleri (Emevi-Abbasi) 7. 8. ve 9. yüzyılda Turan İllerine yaptığı baskınlarla ganimetler elde edip savunmasız Türk gençlerini esir alarak Bağdat ve Şam’a getiriyordu. Esir Türk erkekleri yiğitliğinden dolayı, saray ve savunma hizmetlerinde görevlendiriliyordu. Savaşçı Türk gençleri ise genellikle muhalif Mısır’a gönderilirdi.

Mısır’a gelen Türk askerlerine “memlûk” denirdi..

Memlûk sözcüğü Arapçada köle demektir.

Genelde Memlûk kelimesi 9. yüzyıldan 19. yüzyıla kadar İslam dünyasında faaliyet göstermiş beyaz köle kökenli askerler için kullanılmıştır. Memlûk kelimesi, genç hizmetkâr, azat edilmiş köle, delikanlı ve efendisine bağlı muhafız anlamları da taşır.

Memlûkler’in çoğu başta Kıpçaklar olmak üzere Türk halkları ile başta Çerkezler olmak üzere Kuzey Kafkasyalılardan ibaretti.

Mısır’da; teşkilatçı olan Türk askerlerinin oluşturduğu güç, Arapların idari zafiyetinden yararlanarak yönetimleri ele geçirmiştir.

Mısır’da kurulmuş 3 memlûk Türk Devleti vardır:

1)   Tolunoğulları

2)   Akşitler veya İhşidiler

3)   Memlûklular

Türkler Memlûk Sultanlığına Kölelerin Yurdu anlamında “Kölemen Devleti” demiştir. Bu 3 Devlette, askeri yönetimle idare edilmiştir. Devletlerin resmi dili Türkçe ve Arapçadır.

1)   TOLUNOĞULLARI (868-905)

Mısır’da kurulan ilk Türk devletidir. Bu devlet, Fergana Türk’ü Ahmed bin Tolun tarafından kurulmuştur. Sınırlarını Bingazi’den Çukurova’ya kadar genişletmiştir. Ordu, Türk askerlerinden oluşuyordu. 905 yılında Abbasiler tarafından yıkılmıştır.

2)   AKŞİTLER veya İHŞİDİLER (935-969)

Kurucusu Fergana Türk’ü Muhammed Bin Togaç’tır. Türkler ilk kez Kabe’nin bulunduğu Hicaz bölgesini bu dönemde alarak yönetmişlerdir. 969 yılında Fatimiler tarafından yıkılmıştır.

3)   MEMLÛKLULAR (1250-1517)

Devletin kurucusu olan Türk Aybek, eski bir köledir. Daha sonraları satın alındığı Mısır’da eğitilerek Memlûk askeri olarak yetiştirilmiş ve kumandanlığa yükselmiştir. Eyyubi Devleti’nde yaşanan iç karışıklardan yararlanarak Eyyubi devletini yıkmış ve Memlûk devletini kurmuştur.

Sultan Kutuz ve Baybars döneminde, Ortadoğu’yu istila eden Moğollar durdurulmuştur. Memlûk Türkleri, Moğollara ilk yenilgi hezimetini Ayn Calut Savaşında yaşatmıştır. Ayrıca, Memlûk Türkleri Haçlıları Ortadoğu dan kovmuştur. Bu dönemde Mısır, önemli bir ticaret merkezi olmuş, Ortadoğu’nun ve Afrika’nın en güçlü devleti haline gelmiştir. Hilafet makamı, Bağdat’tan Mısır’a getirilmiştir. 1517 yılında Osmanlı Devleti tarafından yıkılmıştır.

YILMAZ KARAHAN

Kaynak: vikipedi ansiklopedisi

 

image00210.jpg

Kahire Tolun Camii

image0034.jpg

Memlûk Devleti’nin sınırları

Yorumlar

“527) MISIR’DA KÖLELİKTEN DOĞAN TÜRK DEVLETLERİ” yazisina 4 Yorum yapilmis

  1. Fahrettin Öztoprak yorum tarihi 17 Şubat, 2011 20:39

    Memlüklere, bilhassa Çerkes denilmesi yanlıştır. Bu tabir çok sonra literatüre girmiştir. Memlükler, bilhassa Sultan Baybars ve daha sonra Tomanbay Kıpçaktır. Yani kıpçak TÜrklerindendir. Memlüklüler genellikle ya TÜristan Türkü, ya da Hazar Türkklerindendir. Kafkaslardan getirilen Türkler olabilir. Ama bunlara tamamen Çerkes denmesi yanlıştır. Aslında Çerkesler de Türktür. ÇÜnkü Hunlardan beri Kafkaslar Türk egemenliğindedir. Bu egemenlik 19. Yüzyılın sonlarına doğru Ruslara geçmiştir.

  2. ZEYNEP İNCİ yorum tarihi 18 Şubat, 2011 14:20

    HAZAR TÜRKLERİ YAHUDİLERİN KÖKENİMYDİ?———
    ORTA DOGUDAKİ KAHRAMANLIKLARI İCİN ONLARADA YÜREKTEN RUHLARI SAD*OLSUN DİYECEGİM..VAROLASINIZ SN.KHAN(*

  3. Yılmaz Karahan yorum tarihi 18 Şubat, 2011 16:40

    Hazar Türkleri; Musevileri, Emevilerin ve Bizanslıların katliamından korumuş. Onlara Hazar ülkesinde iskan imkanı vermiştir. Türkler her dine mensup olanlara karşı hoş görü içinde yaklaşmış ve dini baskı yapmamıştır. Ancak Türkler dini propagandaya tutulmuşlardır. Hazar ülkesinde her dine mensup insan yaşardı. Son zamanlarında hakim din Musevilik olmuştur. Hazar Türklerine, Kartay Türkleri de denmektedir. Hitlerin Polonyada fırınlara attırdığı yahudiler, Kartay musevi Türkleridir… Türkleri aşağılamak için, arap ağzı ile konuşmak alçaklıktır. Emevilerin, Türklere karşı yaptığı katliamları unutmayacağız. unutturmayacağız. Kızlarımızı ve oğlanlarımızı haremlerde kullanan, yiğitlerimizi Saltanatları korunsun diye cephelere süren Arap emperyalizmini bilmek gerekir. “Mısır’da Kölelikten doğan Türk Devletleri” yazım, Türk’ün teşklatçılığını ve esir olarak yaşayamayacağına dair bir hatırlatmadır. Şurası unutulmamalıdır ki; “Türk’ün, Türk’ten başka dostu yoktur” Saygılar

  4. Has Türkmen yorum tarihi 26 Ekim, 2017 20:59

    MILLI SÜTÜNLERIMIZ

    ▶ HALKYMYZYÑ GAHRYMANLARY

    MAMLÝUK TÜRKMEN DÖWLETINIÑ SOLTANY

    BEÝBARS

    Soltan Beýbars (doly ady El-Mälik el-Zahyr Rukneddin Beýbars el-Bundukdary), Müsürde we Siriýada hökmürowanlyk süren mamlýuk türkmen soltany.

    ♣ Ömri

    Beýbars 1233-nji ýylda doglupdyr we gelip çykyşy boýunça Gara deñiziñ demirgazygynda ýaşan türkmenleriñ gadymy gypjak taýpasyndandyr. Ol Altyn Ordanyñ hany we Çingiz hanyñ agtygy Berke hanyñ körekenidir. Ol öz ýerine geçjek ogluna-da Berke adyny dakypdyr.
    Rowaýat edilmegine görä, Beýbars Deşti Gypjak sähralarynda mongollar tarapyndan ýesir edilýär we wizantiýaly täjirlere satylýar. Gul edilip Kaire getirilýär we Eýýubylaryñ goşunyna alynýar. Ol gysga wagtyñ dowamynda ukyby we başarnygy bilen özüni görkezmegi başarýar.

    ♣ Aýn Jalut söweşi

    Beýbarsyñ döwleti bolan Mamlýuklar mongollary ýeñmegi başaran ýeke-täk döwlet hökmünde ady yslam taryhyna ýazylan döwletdir.
    Mongollar Mamlýuklar bilen garşylaşmazdan öñ Horezmşalar türkmen döwleti, Anadoly Seljukly türkmen döwleti ýaly beýik döwletleri ýok edipdiler. Dünýä ýañ salan bu iki beýik türkmen döwletiniñ dünýä kartasyndan ýok edilmegi mongollaryñ nä derejede güýçli bolandyklaryny görkezýär. Beýbars mongollar nähili güýçli bolandygyna garamazdan, olary 1260-njy ýylda Aýn Jalutda agyr ýeñlişe sezewar edip, mongol basybalyşlaryny togtatmagy başarypdy.

    ♣ Soltanlygy

    Aýn Jalut söweşinden ýeñiş bilen çykan ýagdaýynda Soltan Kutuz oña Halap häkimligini wada beripdi. Emma ol beren sözünde durmansoñ, Beýbars Soltan Kutuzy aw edip ýörkä öldürdýär. Soltan Kutuz ölmezden öñ Beýbarsy soltan diýip yglan edýär. Beýbars hökümdarlygynyñ birinji ýylynda (1261) mongollar tarapyndan öldürilen Abbasy halyfynyñ ýerine şol maşgaladan bolan birini oturdyp, Abbasy halyflygyny gaýtadan dikeldýär.
    1260-njy ýyldan 1277-nji ýyla çenli aradan çykýança höküm süren Soltan Beýbarsyñ zamanasynda Müsürdäki türkmen döwleti özüniñ iñ güýçli döwürlerini başdan geçirdi. “Dewlet-it Türki”, ýagny “Türki döwlet” adyny ýurdy üçin ulandy we bu ady ilkinji gezek ulanan ýurduñ hökümdary boldy.
    Gaýduwsyz esger bolan Beýbars güýçli hökümdardygyny we döwlet işgäridigini subut etmegi-de kemsiz başarypdy.
    Ömrüniñ ahyryna çenli bir tarapdan ýewropalylaryñ eline geçen Siriýada we Palestinada haçparazlara, bir tarapdanam hristian we musulman ýurtlaryny penjesine gysan mongol häkimiýetine garşy ýadawsyz göreş alyp bardy.
    1263-nji ýylda Beýbars haçparazlaryñ guran Ierusalimdäki Frank korollygynyñ ownuk galyndylary hökmünde haçparazlaryñ elinde galan Akka galasyny gabaw astyna alýar, şeýle-de bolsa ol galany eýeläp bilmeýär.
    Muña garamazdan Arsufda, Haýfada, Safedde, Ýafada, Aşkelonda we Kaýseriýada haçparazlara garşy söweşe girýär. Ol ýerlerdäki galalary ele geçirýär we ýumurdyp, portlary ýykdyryp, bu sebitleriñ mundan beýläk haçparazlar tarapyndan goranyş punkty hökmünde ulanylmagynyñ soñuna çykýar. Netijede bu şäherleriñ köpüsi Beýbars tarapyndan ele geçirilenden soñra haçparazlar üçin ähmiýetini ýitirdi.
    1266-njy ýylda Beýbars Eýrandaky Ilhanly mongol häkimiýetine girmegi kabul eden Kilikiýadaky Kiçi Ermenistanyñ koroly Hatum I-a garşy ýöriş edip oniñ ýurduny we ermeni paýtagty Kozany (Sis) basyp alýar. Şeýlelikde haçparazlaryñ elindäki Antakýa we Trablus-Şam liniýasynyñ arasyny üzmek başartdy.
    1268-nji ýylda Beývars goşuny bilen Antakýany gabaw astyna alýar. Şäher 8-nji maý güni boýun egýär. Beýbars şäheriñ gala diwarlaryny ýumurmagy buýurýar we şäheri goramaga synanyşan hristian ilatyñ köpüsini ýesir alýar. Şol wagtHaçly ýörişiñ netijesinde Antakýa graflygyna bellenen graf Boemondo IV Antakýada däldi. Beýbars oña gahar-gazaba ýugrulan görnüşde hat ugratdy. Hatda şeýle diýilýärdi:

    “Eger ol ýerde bolup nämeler edendigimi bir görsediñ, ejeñ seni hiç haçan dogurmazlygyny arzuw ederdiñ”.

    Boemondo öz elinde Trablus-Şam galasyny saklamagy dowam etdirýärdi. Şonuñ üçin Beýbars ýeñini çyzgap bu galanyñ daşyna geçdi.
    Emma edil şol wagt Ýewropada Antakýanyñ musulmanlar tarapyndan eýelenilendigi we Antakýa graflygynyñ ýok edilendigi barada habar ýaýraýar. Halk arasynda haçly ýörişlere gaýtadan çagyryşlar başlanýar. Uelsi we Şotlandiýany düzümine birikdiren Angliýanyñ koroly Edward I tabynlygyndaky 9-njy haçly ýörişlere goşunlary deñiziñ üsti bilen geçirip 1271-nji ýylda Palestinada haçparazlaryñ elinde galan Akka portuna gelýärler. Beýbars Trablus-Şam gabawyny ýaraşyk şertnamasyny baglaşyp goýbolsun etmäge mejbur bolýar. Täze gelen haçparaz goşunlary mongollar bilen soýuzdaşlyk baglaşmaga synanyşýarlar. Emma bu haçparazlar Beýbarsa garşy üstünlik gazanyp bilmeýärler. Käbir çeşmeleriñ habar bermegine görä Beýbars iñlis koroly Edward I-y zäherlemäge synanyşýar. Emma synanyşyk başa barmaýar. 1272-nji ýylda Edward I Palestinadan öz ýurduna dolanýar.
    1277-nji ýylda Beýbars Eýrandaky Ilhanly mongol döwletiniñ wassalyna öwrülen Anadoly Seljukly türkmen döwletine garşy hüjüme geçýär. Hut özi goşunyñ başyny çekip Elbistanda bir mongol goşunyny derbi-dagyn edýär. Anadolyda mongol basybalyjylaryna garşy azat edijilik göreşine başlan türkmen begliklerini goldaýar we Kaýserä çenli gelýär. Anadoludaky türkmen beglerinden garaşylan goldawyny almansoñ, Anadolyda ele geçiren mülklerini taşlap, öz hökümet merkezinden gaty daşlaşmazlyk üçin Damaska dolanýar.
    Anadolydaky türkmen begleriniñ Beýbarsa ýeterlik kömek etmezliginiñ esasy sebäbi, olar mongollardan çekinýärdiler. Çünki mongollar olara juda ýowuz darapdylar. “Daş üstünde daş, egin üstünde baş galdyrmazlyk” diýen söz düzümi mongollardan gelip çykan sözdi.
    Altyn Orda we Wizantiýa bilen syýasy gatnaşyklar açan Soltan Beýbarsyñ 1277-nji ýylyñ iýun aýynda 54 ýaşynda aradan çykandygy aýdylýanam bolsa, onuñ derwüş eşigini geýip dogduk mekanyna gidendigi-de rowaýat edilýär.
    Orta asyr taryhynyñ iñ beýik we nusgalyk hökümdarlarynyñ biri bolan Beýbars döwlet sistemasynda ençeme reformalary amala aşyrmagy we haçparazlary Ýakyn Gündogardan kowup çykarmagy başarypdyr.

    ♣ Medeniýete we binagärlige goşan goşantlary

    Soltan Beýbars iññän guramaçy döwlet işgäridi. Ol Mamlýukly döwletiniñ çäginde häzirki wagta çenli gelip ýeten birnäçe binalaryñ we medeni eserleriñ düýbüni tutdy. Döwletiniñ iki esasy şäheri bolan Kairiñ we Damaskyñ arasynda atly aragatnaşyk ulgamyny döredipdir we bu ulgam üçin insfraktura birliklerini (ýollar, menzil nokatlary) döredipdir. Munuñ netijesinde ol ýaşaýyşyñ we aragatnaşygyñ juda haýal döwründe Kairden Damaska ýa-da Damaskdan Kaire barýan habaryñ bary-ýogy dört dört günde gowuşmagyny üpjün edipdir. Şeýle hem ol köprüleri, suw kanallaryny, portlary bina etdirmäge-de köp üns beripdir.
    Ýurdunyñ ekerançylygyny ösdürmek maksady bilen köne suwaryş kanallaryny gaýtadan abadanlaşdyryp, täze suwaryş kanallaryny gurdurypdyr. Kairde gurduran we öz adyny göterýän Beýbars metjidi häzirem kairlilere hyzmat edip gelýär. Damaskdaky kümmedi we onuñ ýanynda gurulan Zekeriýa medresesi onuñ gurduran meşhur ymaratlaryndandyr. Zekeriýa medresesine degişli Zekeriýa kitaphanasy häzirki wagta çenli gelip ýeten örän köp sanly möhüm ylmy golýazmalary özünde saklaýar.
    Beýbars Kairde we ýurdunda yslam akyldarlaryna we alymlara uly goldawlarda bolupdyr. Muña mysal hökmünde diñe Beýbarsyñ hemaýatkärliginde medisina ylmynda eden açyşlary bilen meşhurlyk gazanan arap lukmany Ibni Nefisi görkezmegem ýeterlik bolsa gerek. Aradan çykandan soñra onuñ ady yslam dünýäsinde, aýratynam Müsürde we Siriýada milli gahryman hökmünde buýsanç bilen ýatlanýar. Onuñ yslama eden hyzmatlaryny we gatnaşan söweşlerini beýan edýän “Sirat al-Zahir Baibars” (“El-Zahyr Beýbarsyñ ömür beýany”) atly kitap arap edebiýatynda häli-häzirlerem öz gymmatyny ýitirmän gelýär.
    1989-njy ýylda Gazagystanyñ Halk ýazyjysy Moris Simaşkonyñ “Ýemşan” powesti esasynda gazagystanly we müsürli kinomatografiýaçylar “Beýbars” atly 2 seriýaly kinofilmi surata düşürdiler. Bu kinofilmde biziñ meşhur aktýorymyz Artyk Jallyýew hem oýnaýar.
    Şeýle hem müsürli kinomatografiýaçylaryñ düşüren “Beýbars” atly 30 bölümlik teleserialy hem bardyr.

    ♣ Giñişleýin öwrenmek üçin çeşme:

    1). Andre Klot, “Gullaryñ imperiýasy: Mamlýuklaryñ Müsüri” (“Kölelerin İmparatorluğu Memlüklerin Mısır’ı”) “Epsilon” neşirýaty, Stambul-2005, (Terjime eden: Turhan Ilgaz), ISBN 975-331-772-7.

    2). Fransuz dilindäki neşiri:
    Clot André “L’Égypte des Mamelouks 1250-1517. L’empire des esclaves”, Paris: Perrin-2009.
    SBN 978-2-262-03045-2.

    © Has TÜRKMEN.

    line.me/R/ti/p/@kpm7016r

Yorum yap