39) DOBRUCA BEYLİĞİ

Yayin Tarihi 7 Mart, 2014 
Kategori ANADOLU BEYLİKLERİ VE ATABEYLİKLER

Dobruca Beyliği 

image001 

Sarı Saltuk’un oğlu Seyit İsmail Saltuk’un 1281-1299 yılları arasında Dobruca’da varlık gösteren kısa ömürlü bir Türkmen beyliği.

Saltuklular soyundan gelen Sarı Saltuk ‘un oğlu Seyit İsmail Saltuk, bir grup askerle birlikte pontuslular  tarafından ele geçirilen Sinop ve Amasya yöresi’ni geri aldı. Ancak Selçuklu veziri Muhittin Pervane (1262-1277), IV. Kılıç Arslan aracılığı ile Seyyit İsmail Saltuk ve adamlarını o bölgeden uzaklaştırıp, oraya oğlunu vali olarak atadı. 1264 yılında İsmail Saltuk da Bizans’tan yer isteyip, erenleri ve binlerce çadırlık Çepni ile birlikte Deliorman Bölgesi’ne yerleşti ve yurt edinmeye çalıştı. Öte yandan, taht kavgası nedeniyle birbirlerine düşen ll. Gıyasettin Keyhüsrev’in çocuklarından biri, Bizans İmparatoru 8. Michel’den kendisi ve de çevresi için de yer istemiştir, bu Selçuklu beyleri de Seyit Sarı Saltuk ile birlikte Deliorman bölgesine gitmiş ve Çepnilere karışmıştır. Seyit Sarı Saltuk daha sonra Kırım’a geçerek Altınordu hanı Nogay ile birlikte 1281 yılında Kırım’dan Dobruca’ya geçip, Tuna boylarını (Dobruca yöresini) aldılar ve yurt edindiler. 1282’de İsmail Saltuk ve idaresindeki Çepni boyları Dobruca Bölgesi’ne yerleşerek Dobruca beyliğini kurdular. Ancak Seyit İsmail Saltuk, 1297 yılında Dobruca’daki İsakça Kenti’nde vefat etti. (Mezarı İsakça yakınlarındaki Babadağ’dadır.)

Sonuç olarak, 13. yüzyılda Selçuklu Türkmenlerinin Anadolu’dan Dobruca’ya önemli bir göçleri ve kolonileşmeleri olmuştur.

Sarı Saltuk’un oğlu İsmail Saltuk, 1297 yılında vefat edince, beyliğin başına oğlu Ece Halil Saltuk geçti.

1299 yılında Altın Orda’daki taht kavgaları sonunda hakimiyeti ele geçiren Tatar hakanı ve boyları, Altın Ordu hanı Nogay’a ve Nogay’ın en sıkı müttefiki olan Türkmenlere Dobruca yöresinde saldırdı. Bunda Bizans’ın kışkırtmaları da vardı. Yönetimi ele geçiren Tatarlar, Ece Halil kumandasındaki Çepnileri ve müttefiki Altın Ordu Hanı Nogay’ın ordusunu dağıttılar.

1310 yılında (bazı kaynaklarda:1306) Sarı Saltuk’un torunu Ece Halil Saltuk, öldürülen Altın Ordu Hanı Nogay’ın eşi Çiçek Hatun ve oğlu Türi’yi ile bir kısım Nogay askerlerini de yanına alarak, tüm Türkmenlerle birlikte Çanakkale Boğazı’ndan Anadolu’ya geçerek Karesi Beyliği’ne sığınır.(kaynaklar 10bin ile 150bin çadır arasında değişmekte) Karesi kumandanları Gazi Evranos ve Hacı İlbeyi Sarı Saltuk’un soyundan gelen bu Türkmenleri ve Ece Halil’i hürmetle karşılar ve Karesi topraklarına yerleştirir. Ece Halil Karesi kumandanlarından biri olarak Bizans’a karşı savaşır.

Karesi Beyliği’nin 1360’ta Osmanlı tarafından ilhak edilmesiyle Ece Halil Osmanlı hizmetine girerler.

Olayların bir kısmı Saltukname’de anlatılmaktadır.

Bugün Balıkesir ve Çanakkale ilinde ve Bergama ilçesinde yaşayan 100’den fazla Alevi Çepni köylerinin bu Türkmenlerin devamı olduğu düşünülmektedir. Bir kısmının da diğer Türkmen boylarıyla karışarak sünnileştiği/manavlaştığı zannedilmektedir.

Kaynak: Vikipedi

Yorumlar

“39) DOBRUCA BEYLİĞİ” yazisina 1 Yorum yapilmis

  1. Has Türkmen yorum tarihi 30 Ekim, 2017 10:49

    ŞANLY TARYHYMYZYÑ SAHYPALARYNDAN

    ▶ANADOLY TÜRKMEN BEGLIKLERI

    DOBRUJA BEGLIGI

    ♣ Alyslarda dogan bar…

    Merdana ata-babalarymyzyñ beglik guran ýeri bolan Dobruja häzir Rumyniýa döwletiniñ Gara deñiz kenarlarynda galdy. Şeýle-de bolsa, biz bu makalany “Anadoly türkmen beglikleri” rubrikasynyñ çäginde taýýarladyk. Anadola göçmän galan türkmenleriñ häli-häzirlerem uly bölegi Dobrujada ýaşaýarlar.
    Gysga wagtlyk dowam eden Dobruja begligini öwrenmek, belki-de ol ýerlerde galan ganybir doganlarymyz bilen doganlyk gatnaşyklaryny açmaga, olaryñ beglik ýykylandan soñra häzirki döwüre çenli geçen taryhy ýollaryny öwrenmäge, gyzyklanmaga mümkinçilik döreder. Makalany okan ýaşlarymyzda döräp biläýjek bu gyzyklanma bolsa, biziñ ujypsyzja zähmetimiziñ añryýany bilen berjek miwesi diýip düşünýäris.

    ♣ Dobruja begliginiñ gurulmagy

    Dobruja begligi Sary Saltygyñ ogly Seýit Ysmaýyl Saltyk tarapyndan gurulyp, 1281-1299-nji ýyllarda Dobrujada hökmürowanlyk süren türkmen begligidir.
    Gelip çykyşy boýunça saltykly türkmenlerinden bolan Sary Saltygyñ ogly Seýit Ysmaýyl Saltyk birnäçe esger bilen pontuslularyñ eýelän ýerleri bolan Sinop ve Amasýa sebitlerini gaýdyp alýarlar. Emma Anadoly Seljukly türkmen döwletiniñ weziri Muhitdin Perwana (1262-1277), Soltan Gylyç Arslan IV-niñ üsti bilen Seýit Ysmaýyl Saltygy we onuñ atlylaryny ol ýerlerden uzaklaşdyryp, sebite öz ogluny dikme edip goýýar. 1264-nji ýylda Ysmaýyl Saltyk hem Wizantiýadan ýer talap edip jigitlerini we müñlerçe çadyrly çepni taýpasyndan bolan türkmenleri Deliorman sebitine ýerleşýär we ol ýeri ýurt edinmäge çalyşýar. Şol bir wagtyñ özünde tagt üstünde agyzlary alaran Soltan Kyýaseddin Keýhysrow II-niñ ogullarynyñ biri hem Wizantiýanyñ imperatory Mişel XVIII-den özi üçin ýer haýyş edýär, onuñ tarapyny tutýan seljukly begleri şeýlelik bilen Seýit Sary Saltygyñ toparyna, çepni taýpasynyñ arasyna goşulýarlar. Seýit Sary Saltyk has soñra Kryma gidip, Altyn Ordanyñ hany Nogaý han bilen güýç birikdirýär we 1281-nji ýylda Krymdan Dobruja geçip Dunaý derýasynyñ kenarlaryny (Dobruja sebitlerini) eýeleýär. 1282-nji ýylda Ysmaýyl Saltyk çepni taýpasynyñ hemme tiresini täze eýelän ýerlerine ýerleşdirýär we Dobruja begliginiñ gurulandygyny yglan edýär. 1297-nji ýylda Seýit Ysmaýyl Saltyk Dobrujanyñ Isakça şäherinde aradan çykýar. Häzir onuñ mazary Isakçanyñ Babadag diýen ýerindedir.
    XIII asyrda Dobruja begligine Anadolydan seljukly türkmenlerinden göç edenler köp boldy. Şeýlelikde beglik hasam ilatlaşdy we kuwwatlandy.
    Seýit Ysmaýyldan soñ onuñ ýerine ogly Eje Halyl Saltyk geçýär.

    ♣ “Agzalalyk aýrar ili dirlikden…” ýa-da begligiñ öz tatar kowumdaşlarmyz tarapyndan ýykylmagy

    1299-nji ýylda Altyn Ordada dörän tagt dawalary netijesinde tagty ele geçiren tatarlar Altyn Ordanyñ ýeñilen hany Nogaýa we onuñ ýakyn soýuzdaşlary bolan Dobruja türkmenlerine hüjüm edýärler. Tatarlary Dobrujanyñ üstüne hüjüm etmäge bolsa Wizantiýa gizlinlik bilen meçew berýärdi. Hanlygy ele geçiren tatarlar Eje Halylyñ ýolbaşçylygyndaky çepnileri we olaryñ soýuzdaşy bolan Nogaý hanyñ goşunyny derbi-dagyn edýärler. 1310-njy ýylda (käbir çeşmelerde 1306) Eje Halyl Saltyk, söweşde aradan çykan Nogaý hanyñ aýaly Çiçek hatyn we onuñ ogly Türi, Dobrujadaky ähli türkmenler we birnäçe nogaý esgerleri bilen birlikde Çanakkale bogazyndan geçip Anadola girýärler we Karesi türkmen begligine sygynýarlar. Karesi ogullary begliginiñ serkerdeleri Gazy Ewranos we Hajy Ilbegi Sary Saltygyñ nesli bolan türkmenleri we Eje Halyly uly dabara bilen garşylaýarlar we olary öz ýerlerine ýerleşdirýärler. Eje Halyl soñra Karesi begliginiñ esasy serkerdeleriniñ biri bolup Wizantiýa garşy bolan söweşleriñ ençemesine gatnaşýar.
    1360-njy ýylda Karesi begliginiñ Osmanly döwletine birikdirilmegi bilen Eje Halyl osmanly doganlarynyñ hyzmatyna girýär. Bu wakalaryñ köpüsi “Saltyknama” atly kitapda beýan edilýär.
    Häzirki Türkiýäniñ Balykesir, Çanakkale, Bergama etraplaryndaky 100-den gowrak alawy çepni obalarynyñ ilaty şol türkmenleriñ nesli hasaplanýar. Şeýle hem olaryñ belli bir bölegi beýleki türkmen taýpalaryna hem siñip gidipdir.

    ♣ Giñişleýin öwrenmek üçin çeşmeler:

    1).. Machiel Kiel, “The Türbe of Sarı Saltık at Babadağ-Dobrudja”, GDAAD, sy. 6-7 (1977-78), s. 205-227.
    2). H. Stānescu, “Monuments d’Art Turc en Dobroudja”, SAO, III (1961), s. 177-189.

    © Has TÜRKMEN.

    Makalany internetde yzarlañ:
    https://m.pikirler.com/blog/100

Yorum yap