358) RUS-TÜRKMEN GÖKTEPE SAVAŞI

Yayin Tarihi 13 Ocak, 2009 
Kategori TÜRK DÜNYASI

RUS-TÜRKMEN GÖKTEPE SAVAŞI

Türkmenistan, tarihinde milli egemenliği için Ruslara karşı yaptığı direnişi olan Göktepe savaşı şehitlerini 128. yılında anıyor.  Anna Gurban’ın Türkmen Türkçesi‘ndeki makalesi haberin devamında.

Sovyetler Birliği döneminde Rusya, Türkmenlere karşı açtığı savaşı, her ne kadar unutturtmaya çalışsa da, “Rus Türkmen Göktepe savaşı” Türkmenistan’ın bağımsızlığını kazandığı yıldan itibaren anılmaya başlamıştı. Bu önemli savaş, Türkmenistan, SSCB hakimiyetindeyken hiç anılmamıştı.1880 ve 1881 yıllarında yapılan Rus- Türkmen savaşı, savaş kahramanları için yaptırılan anıt mezarlık önünde saygı duruşuyla başladı. Ülkenin diğer bölgelerinden de gelen Türkmenlere, anma töreninde, vatan ve devlet için akıtılan kan ve mücadele anlatıldı. Türkmen halkı da konuşmalar sonrasında, savaş kahraman şehitler için dua etti.

Göktepe, başkent Aşkabat’a 50 kilometre uzaklıkta bulunuyor.

 

 

image00127.jpg1881 yılında Ruslara karşı Göktepe’de efsanevi bir direnişin altına imza atan Türkmen askerleri 1881

Rus General Mikail Skobelev tarafından başlatılan savaşta Rus ordusunun modern imkanlarla donatılması karşısında henüz ateşli silahları bile olmayan Türkmenler çok can kaybına uğramıştı. Göktepe savaşında Türkmenler yaklaşık 6 bin 500 asker, 28 bin kadın, çocuk ve ihtiyar vatandaşını kaybetmişti. Savaşta, çok sayıda Türkmen önderi de hayatını kaybetmişti.

Türkmenistan tarihinde özel yeri bulunan Göktepe mücadelesi, göçmen ve bağımsız boylar halinde yaşayan Türkmenler için yeni bir başlangıç olmuştu.

ANNA GURBAN’IN TÜRKMENCE MAKALESİ:
Ölüp ýeñenler
Gökdepe urşunyñ 127 ýyllygyna

Tas 110 ýyllap inkär edilenem bolsa, 1881-nji ýylyñ 12-nji ýanwary türkmen taryhyna bir tarapdan erkin türkmençiligiñ gutaran güni, ikinji tarapdan basybalyjylara garşy gahrymanlarça göreşilen güni hökmünde girdi. Şol gün, galanyñ düýbi partladylan ýerde azyndan 700 adamyñ ölendigi aýdylýar. Gala ýarylandan soñ rus goşunlary aýgytly hüjüme geçipdirler we öz ýurduny goran ilaty birujundan gyryp başlapdyrlar. Aljyran adamlar guma tarap gaçyp başlanda, ätiýaçda duran toply-ýaragly otrýadyñ başynda duran Skobelewiñ özi kowga ýolbaşçylyk edipdir. Ýazyjy Nargylyç Hojageldiýewiñ ýazmagyna görä, şonda bosgunlaryñ yzyndan pyýada goşun 10 wýorste çenli, atly goşun bolsa 15 wýorste çenli kowalap gidipdir. Olar bosgunlaryñ iñ gür ýerlerini topa tutupdyrlar. Türkmenleriñ gaçyp barýan ýoly çaga, aýal-erkek jesedinden dolupdyr. Kowguçylar diñe mazaly garañky düşüp, bosgunlaryñ hatarlary mazaly seýrekländen soñ yzlaryna dolanypdyrlar. Galanyñ 12-den 20 minut işlände, günortan partladylanyny göz öñünde tutsañ, gaçyp barýan ýaragsyz ilatyñ näçe sagatlap gyrgyna berlenini hasaplamak kyn däl. Rus harby işgärleriniñ özleri, Kuropatkin, Maslow, Wereşagin ýaly bu gyrgynçylyk barada ýazgy galdyran adamlar türkmenleriñ aýal, çaga diýmän gyrlandygyny tassyklaýarlar. Grodekowyñ ýazmagyna görä, Skobelew Gökdepede şeýle gyrgynçykyk etmegi entek Peterburgdaka ýüregine düwüpdir.

1881-nji ýylyñ 20-nji fewralynda Skobelewiñ hut öz eli bilen ýazmagyna görä, bosgunlaryñ yzyndan kowlanda çagadyr aýal-erkek 8 müñ adam gyrlypdyr. Muny beýleki rus harby işgärleriniñ ýatlamalary hem tassyklaýar diýip, Nargylyç Hojageldiýewiñ “Gökdepe galasy” oçerkinde aýdylýar.

1-nji Gökdepe urşunda türkmenler 3 müñ çemesi adam ýitirip, ruslary ýeñen bolsalar, ikinji Gökdepe urşundaky gabaw mahalynda 7 müñ adam ýitiripdirler. Diñe galanyñ alnan güni hem onuñ içinde şonça adam öldürilipdir. Skobelewiñ ekspedision otrýadynyñ baş wraçy O. Geýfelderiñ ýazmagyna görä, gala alnanda onuñ içinde 7 müñ jeset bar ekeni. Ol ýene şonçarak jesediñ galanyñ diwarlarynyñ düýbünde çala ýere duwlanandygyny ýazypdyr.

Galanyñ ilaty urşuñ soñky gñnlerinde hatda ölülerini jaýlamaga-da ýetişmändirler. Grodekow bilen Kuropatkin käbir öýlerden jaýlanmadyk 10-15 jeset tapandyklaryny ýazypdyrlar. Türkmenleriñ özleri gabaw döwründe hem galanyñ alnan güni öldürilen adamlaryñ sanyny 20 müñ hasaplapdyrlar. Wepat bolanlaryñ arasynda Hanmämmet atalyk, Orazmämmet han, Dykma serdaryñ ogly Akberdi han dagy hem bar eken.

Gala ýykylan güni 3 müñden gowrak aýal-gyz ýesir alnypdyr. Olary gaçyp giden adamlar yzlaryna gaýdyp geler ýaly, girew hökmünde saklapdyrlar.

Gökedepe galasyndaky gyrgynçylygyñ näderejede wagşylyk bilen amala aşyrylandygyny gabaw günlerinde galanyñ içine atylan oklaryñ sany-mukdary hem görkezýär. Boýy 600 sažen, ini 360 sažen bolan, içinde 14 müñ çemesi öý, oraça, çatma dikilen, 40 müñdenem köp adam jemlenen kiçijik galanyñ içine 23 güne çeken gabawyñ dowamynda 872 müñ tüpeñ oky, 12.400 top oky atylypdyr. Diñe gala zabt edilen güni 5604 top oky, 224 raketa, pyýada goşun tarapyndan 273 müñ, atly goşun tarapyndan 12.500 ok atylypdyr. N. Hojageldiýew öz taryhy oçerkinde, deñeşdirmek üçin, 900 gün dowam eden Leningrad gabawynda nemes basybalyjylarynyñ şähere 148.478 top okuny atandygyny ýatlaýar.

Gala ýykylandan soñ Skobelw dört günlük talañ yglan edipdir. 12-nji ýanwarda galanyñ eteginde 227 ofiser bilen 6672 soldat jemlenen eken. Rus ofiserleri, aýratynam topçular köp haly talapdyrlarlar. Top okundan boşan gapyrjaklar halydan doldurylypdyr. Altyn-kümüş, şaý-sep, ruslar eline ilen zady talapdyr. Peterburgdan, Moskwadan, Kawkazdan ofiserleriñ aýallary hat ýazyp, ärleriniñ halysyz gelmezlygini talap edipdir. Maslow şol halylaryñ bir çetiniñ 1883-nji ýylda Parjdäki dükanlara baryp ýetendigini ýazypdyr. Grodekow gala alnanda talanan zatlaryñ bahasyny 6.000.000 manat diýyp kesgitläpdir.

Ruslar galadaky jesetleri jaýlamagy 500 sany kürt ýesirine tabşyrypdyrlar. Ýöne olar öli jaýlamagyñ ýerine talañ bilen meşgul bolupdyrlar. Gelin-gyzlaryñ altyn gulakhalkalaryny gulaklary bilen kesip, barmaklaryndaky kökenli ýüzüklerini barmaklary, goşarlaryndaky bilezikleri gollary bilen çapyp alypdyrlar. Özüniñkiden hem beter wagşylygy gören Skobelew ahyry olary gala goýbermegi gadagan edipdir. Gulçulykdan boşan pars ýesirleri ozal tekeler tarapyndan gyrnak edilen gelin-gyzlarymyz diýip, türkmen gelin-gyzlarynyñ iñ gowularyny saýlap-seçip alyp gidipdirler.

Käbir pikirlere görä, türkmenleriñ topuñ garşysyna gylyç, gyrkylyk bilen çykmagy köre-körlükden, dünýä ýagadaýyny bilmezlikden başga zat däl. Türkmenleriñ ýeñilmeginiñ esasy sebäpleriniñ biri olaryñ dünýäden üzñe galanlygy bilen düşündirilýär. Gökdepe urşunda ýaragyñ ýeñendigi jedelsiz. Munuñ üstesine türkmenler duşmanyñ peýdasyna bolan ullakan ýalñyşlyklara hem ýol beripdirler. Halk, millet hökmünde ýaşamak isleýän bolsak, bu barada aýratyn, berk gürrüñ edilmeli. Mysal üçin, Hanmämmet atalyk bilen Orazmämmet han uruş baradaky maslahatda güýçleriñ deñ däldigini, türkmenleriñ ýaragynyñ ýokdugyny düşündirjek bolupdyrlar. Ýöne olaryñ ruslar bilen gepleşik geçirmek, maşgalalary guma göçürmek hem eger gepleşikler başa barmasa, urşy kiçijik toparlara bölünip alyp barmak ýaly degerli teklipleri ret edilipdir. Olar galanyñ salynmagy hem ilatyñ bir ýere ýygnalmagy duşmanyñ işini añsatlaşdyrar diýipdirler. Emma maslahata ýygnanlaryñ köplügi bu pikire garşy bolupdyr.

Gala ýygnanyp uruşmagyñ tarapdarlary “ruslar yslamyñ duşmany, türkmenler öz ýurduny tükeniksiz gandöküşikler bilen juda gymmat satyn aldy, daş-töwerek açyk hem gizlin duşmandan doly, bu ýerden başga gidere ýer ýok, galanyñ içinde ýurt gorap ölmeli, ýöne özümize agyzdyryk saldyrmaly däl” diýen delilleri öñe sürüpdirler. Olar urşa garşy çykýanlary gorkaklar, ikirjiñlenýän nalajedeýinler, ýurda hem yslama dönüklik edýänler hökmünde görkezmäge çalşypdyrlar. Uruşmagyñ tarapdarlarynyñ iñ esasy we güýçli delilleri ýurduñ özbaşdaklygyny, türkmenleriñ erkinligini gorap saklamak bolupdyr. “Eger biz gaýduwsyzlyk bilen pugta dursak, öñki gezeklerde bolşy ýaly, ruslar bu gezegem yzlaryna gaýdarlar, eger gepleşiklere başlasak, gowşaklyk etsek, ýaýdansak, onda ruslar hemişelik galarlar hem bizi bar zatdan mahrum ederler, şonda biz näderis?” diýip, uruşmagyñ tarapdalary sorapdyrlar.

Maşgalalary gala ýygnamak pikiriniñ añyrsynda eger şeýdilmese, türkmenler uruşmaz diýen gorky bolupdyr. “Goý, maşgalalarymyz hem biziñ bilen bile heläk bolsunlar, barybir olar bizden soñ olja bolarlar. Raýat bolmagyñ nämedigini biz bu gün görmeli däl. Hatda dinibir halkdan hem onuñ hökümdaryndan (Horezm) sütemden, paç-hyraçdyr kemsidilmekden başga gören zadymyz ýok…” diýip, urşuñ tarapdarlary ruslaryñ kawkazlylary gyrgyna berendigini mysal getiripdirler.

Hanmämmet atalyk özüniñ ruslary halamaýandygyny, olaryñ kimdigini Hywada görendigini, sebäbi ruslar bilen hywalylaryñ urşuna gatnaşandygyny, özüniñ watana-da, dini ygtykada-da garşylygynyñ ýokdugyny, ýöne halkyñ, maşgalalaryñ ykbalyna nebsiniñ agyrýandygyny aýdypdyr.

Türkmenleriñ uruş baradaky maslahatynda sagdyn pikirlenip bilýän hem öz pikirini açyk aýtmakdan çekinmedik ýene bir adam Orazmämmet han bolupdyr. “Ýurtlar hem halklar kasam bilen däl-de, top bilen, tüpeñ bilen goranýarlar. Kasam, ant, soñam lebziñden dänmek ýurdy saklaman, gaýta weýran edýär… Eger siz bu gün öz guran toprak galañyz bilen ruslara garşy durmak isleýän bolsañyz, bu siziñ ýer ýüzünde galdyran iñ soñky keşdäñiz bolar. Ejiz towşan tüýräk bolsa ýagşy. Doñzuñ arkasyny tüýüniñ tersine däl-de, ugruna sypanyñ ýagşy. Eger bu añkasy aşan mähelläniñ, aklyny aldyran adamlaryñ gepine gitsek, biz ähli emlägimizem, özümizem heläk ederis. Men bu kasamyñyzy kabul etmeýärin, sizi-de beýle etmekden saklanmaga çagyrýaryn” diýip, Orazmämmet han watany kasam bilen goramak pikirine üzül-kesil garşy çykypdyr. Ýöne onuñ bu sözleri diñlenmändir. Tersine, Orazmämmet han bilen Hanmämmet atalygy dinden dönmekde, ruslara satylmakda aýyplapdyrlar we maslahat biragyzdan uruşmaly diýen netijä gelipdir. Şol ýeriñ özünde öz obalaryny hem tirelerini bulaýan aýry-aýry aksakgallary, olaryñ obasyny talamaly, ruslar bilen gatnaşyk saklaýan Dykma serdaryñ obasy Börmäni talap, ondaky maşgalalary Gökdepä göçürip getirmeli edýärler. Çulba baýyñ öýüni ýumurmaly, Köşi obasyny weýran etmeli diýen karara gelinýär. Netijede, müñ atlydan ybarat ýörite topar Börme obasyny talandan soñ ikirjiñlenýänleriñ hemmesi gala jemlenip başlaýar. Şu wakalardan soñ ähli halk bolup kasam etmek baradaky mesele öz-özünden çözülýär we märeke ilki bolup Orazmämmet han bilen Hanmämmet atalygyñ kasam etmegini talap edýär.

“Sen bir akmak halk ekeniñ. Özümiñ akmak bolanym üçin däl-de, seniñ akmak bolanyñ üçin men şu kasamy kabul edýärin, şu ýerde-de ölerin. Özüñe abatlyk islemeýän bolsañ, senem ölmegi başar” diýip, Orazmämmet han kasam kabul edende aýdypdyr.

Hanmämmet atalyk bolsa, Gurhanyñ gapdalyndan geçende, ýagny kasam içende “Men size Atalygyñ namart däldigini subut ederin. Dinden çykan biz däldiris, dinden çykan akmak halky nähak ýola iterýän adamlardyr” diýipdir.

Meger, Gökdepe urşundan alynmaly sapakalryñ iñ ulusy Orazmmämmet han bilen Hanmämmet atalygyñ köre-kör köplüge, häzirki zaman dili bilen aýdylanda, halkyñ aglaba köplüginiñ kararyna boýun edilmegidir. Taryhyñ görkezişi ýaly, köplük hemişe mamla bolmaýar, belki-de käte köpçülige uýmak ullakan heläkçiligiñ üstünden eltýär. Ýöne bu ýerde köplügiñ käbir adamlar, belki-de ussat demamgoglar tarapyndan oýnalýandygyny hem unutmaly däl…

Gökdepe urşy barada aýdylýan tankydy pikirleriñ arasynda uruş taktikasyndan bihabar din wekilleriniñ öz köre-körlükleri bilen halky añsatja gyrgyna berendigi baradaky pikirem galman geýlär. Muña delil edip, Gurhandan kasam edip uruşmaly diýen karara gelnende Kerimberdi işanyñ oýnan roluny, soñ, ikinji Gökdepe urşunda, 7-nji ýanwarda Gurbanmyrat işanyñ oýnan roluny ýatlaýarlar. Mysal üçin, Skobelew podpolkownik Ýomudskini üç adam bilen üstlerine iberip, “uruşmak isleýän bolsañyz, aýallaryñyzy hem çagalaryñyzy bir galadan çykaryñ” diýip teklip edende, Gurbanmyrat işan ruslar aýýalary hem çagalary ýesir aljak bolýr diýen pikiri öñe sürüpdir…

Ikinji tarapdan, Gökdebe urşunda halk gahrymançylygynyñ çägi ýok. Mysal üçin, birinji Gökdepe urşunda, 1879-njy ýylyñ 28-nji awgustynda ruslar galanyñ demirgazyk-günbatar tarapyndan hüjüme geçipdirler. Şol söweşe ruslar tarapyndan 3024 adam gatnaşypdyr. Ýöne olara galany almak başartmandyr. Şol gün ruslar 453 adam ýitiripdirler. Türkmenler 600 berdanka olja alypdyrlar. Gökdepe taryhyny rus arhiwlerine gidip öwrenen Nargylyç Hojageldiýewiñ pikirine görä, olja alnan ýaraglaryñ öldürilen ruslaryñ sanyndan köp bolmagy ýa ölenleriñ sanynyñ azaldylyp görkezilendigini, ýa-da ruslaryñ gorkup, ýaragyny taşlap gaçanlarynyñ hem az bolmandygyny añladýar. Şol söweşden soñ ruslar yzyna gidýar.

Türkmenleriñ gaýduwsyz watançylygy rus goşunlaryny az gorkuzmandyr. Olaryñ ikinji Gökdepe urşunda galadan bosan ýaragsyz adamlary çaga-çuga, aýal-ebtat diýmän gyrmagynyñ añyrsynda hem şu gorky bar bolsa gerek. Elbetde, bu ýerde garşydaşyñ batyrlygy, edermenligi, ýaragsyz, ejiz halyna-da duşmandan gorkmazlygy, onuñ öñünde ýaýaplamazlygy ruslaryñ öz pidalaryna ýigrenjini ýetjek derejesine ýetiripdir. Şu nukdaý nazardan seredilende, ruslar uly bir döwletiñ goşuny bolup, az sanly ýaragsyz adamy gyrgyna bermek bilen, “ýeñip ýeñilipdirler”, ýagny özleriniñ ejizliklerini öz ganly işleri bilen taryhyñ gatyna ýazypdyrlar.

Türkmenler dünýeden bihabar hem bolsalar, basybalyjy goşunyñ garşysyna jan aýaman, gahrymanlarça göreşipdirler we ölüpdirler. Käbir pikirlere görä türkmenleriñ şonda “ölüp, öldürilip ýeñmekden” başga çäresi bolmandyr. Şu-da türkmenleriñ ýene bir gezek halk, millet hökmünde ykrar edilmeginiñ esaslaryny goýupdyr.

“Ölüp, öldürilip ýeñmek” diýlende Gara batyryñ edermenligi hakydaña gelýär. Seýitmyrat Owezbaýewiñ Gökdepe urşuna gatnaşan türkmeniñ gürrüñleri esasynda ýazan “Gönübek” makalasynda şeýle waka beýan edilipdir.

“Ajal kastyña çyksa, nirde bolsañam tapar. Ajalyñ ýetmese, her ýerde bolsañam, her hili ýagdaýa düşseñem aman galarsyñ. Hudaý öz amanadyny diñe gerek wagty alar, bu diñe onuñ islegine baglydyr” diýip, goja mergenleriñ biri aýdýar. Gara batyr oña şeýle sorag berýär:

“Eger men onuñ amanadyny eltip öñünde goýsam, ol almazmy?”

Mergen oña: “Beýdip bilmersiñ, bu adamyñ elindäki zat däldir” diýýär.

“Ine şu gün, hut häziriñ özünde men oña amanadymy gowşuraryn. Ol islese-de bererin, islemese-de.” Gara batyr şeý diýip, atyna atlanyp, naýzasyny ýapyrybrak tutupdyr-da, galanyñ daşyndaky atly kazaklaryñ üstüne at salypdyr. Ruslar garymlarynda ýatan ýerlerinden ony oka tutupdurlar. Gara batyr nämäniñ-nämedigine düşünmän topar tutup duran atly kazaklaryñ ýanyna atyny ýüzin salyp barypdyr-da, bada-bat olaryñ ikisini atdan agdarypdyr. Uzakdan Gara batyryñ hemme hereketini aç-açan synlamak başartmandyr, ýöne duşmanyñ başyna düşen başagaýlyk gaty uly bolupdyr. Birnäçe kazak atdan agdarylypdyr, birnäçesi bolsa atyny gamça basyp, gaçyp gutulypdyr. Gara batyr gala tarap yzyna dolananda, onuñ yzyndan ok ýagdyrypdylar. Ol atyny peýwagtyna öñürdigine goýberip, gürrüñleşip bolar ýaly aralyga gelipdir-de, atdan agypdyr. Duşman oky ony degen badyna öldüripdir…

Türkmenistanyñ Orsýete birikdirilmeginiñ progressiw ähmiýeti hakynda ýazýanlar ozaly türkmenleriñ dürli tarapdan çapylyp, talanyp durmakdan dynandygyny, soñy bilen bolşewikleriñ saýasynda sowatly, akademiýaly hem teatrly, özbaşyna döwletli bolandygyny aýdýarlar. Bu dogry. Ýöne bu basybalyjylaryñ türkmeni okuwly-bilimli, özbaşyna döwletli etmek islegi bilen bolan zat däl-de, eýsem wagtyñ, zamananyñ emri, umumy adamzat jemgyýetiniñ ösüşi, kolonial syýasatyñ ýuwaş-ýuwaşdan möwritini ötürmegi bilen baglydy. Ikinji tarapdan, Gökdepe urşundan soñ türkmenleriñ öñki azat durmuşyny ýitirendgini, kolonial, bakna halka öwrülendigini we şol baknalagyñ milletiñ añ-düşünjesinde agyr yz galdyrandygyny, türkmenleriñ sowet ýyllarynda özüni öz ýurdunyñ eýesi diýip bilmändigini, tersine, öz watanynda keseki, gelmişek ýaly, ruslardan gypjyn-gypjyn bolup, gorkuda ýaşandygyny, erksizligiñ, gorkynyñ 1991-nji ýylda formal taýdan garaşsyz bolnandan soñ hem dowam edýändigini görmezlige salmak bolmaz. Munuñ sebäpleri, ozaly, añ-düşünjä salnan gandallarda ýatyr.

Patşa Russiýasynyñ baknalyga salan halklaryny nemes Hitlerçi faşistler bilen urşa iteklän Stalinçi Kompartiýa Ikinji jahan urşuny Beýik Watançylyk urşy diýip atlandyryp, german goşunlarynyñ görlüp-eşidilmedik adamhorlygy, Gyzyl Goşunuñ esgerleriniñ deñsiz-taýsyz gahrymançylygy hakynda ýüzlerçe kitap çykardan, sahna, žiwopis eserlerini döretdiren bolsa, Gökdepe urşy hakynda, ol uruşda rus goşunlarynyñ ýaragsyz halky gyrgyna berşi hakynda Türkmenistanda Seýitmyrat Owezbaýeviñ 1926-njy ýylda Türkmenevedeniýe jurnalynda çykan “Gönübek” oçerkinden başga suwytly bir zat çap edilmedi. Oña derek, Türkmenistanyñ Orsýete meýletin birigenligi wagyz edildi. Bu wagyz bir tarapdan Grodekowyñ “ýer togalagynyñ ýüzündäki gara tegmil, adamzat üçin masgaraçylyk” atlandyran türkmenleriniñ nesilleriniñ “beýnisini ýuwmaga”, olary öz ata-babalaryna garşy goýmaga gönükdirilen bolsa, ikinji tarapdan sowet gulçulygyny berkarar etmek üçin zerurdy. Munuñ üçin türkmenlere öz taryhyny unutdyrmak gerekdi. Olar öz ata-babalarynyñ sowatsyz hem nadan bolandygyna, ruslar bolmadyk bolsa, öz-özlerinden ölüp-ýitip gitjeklerine ynanmalydy. Dogrusy, bu rus basybalyjylaryna köp derejede başartdy hem. Sebäbi patşa Russiýasynyñ kolonial syýasaty soñ Bolşewikler, kommunistler tarapyndan hem dowam etdirildi we baknalyk prosesi başga bir görnüşde, leninçilik “milli syýasat” esasynda has çuñlaşdyrylmaga çalşyldy.

Aslynda, Gökdepe ýykylyp, erkin türkmeniçilikden baknalyga geçirilenlerinden soñ, türkmenleriñ adalata, hakykata, haýryñ şerden üstün çykjagyna bolan ynsan ynançlary kem-kemden azalýar. Adamlar özlerine-de, bir-birlerine-de ynanman başlaýarlar, diñe özüñi bilmek, öz günüñi görjek bolmak, gapdalyñdaky adalatsyzlyga göz ýummak ýaly ýaramazlyklar köpelýär. Öñki ynançlaryñ ýerine gara güýje, basybalyjynyñ hökmürowanlygyna boýun bolmak, şol güýjüñ hak diýenini hak, nähak diýenini nähak bilmek gelýär. Olaryñ durmuşyndaky öñki kada-kanunlar, adam gatnaşyklaryndaky dogry-dürs hem synagdan geçen ýörelgeler, çelgiler üýtgäýär, lebizlilik, mertlik, birsözlülik, ejizi goldamak, çynyñ tarapyny tutmak, ýalana ýalan diýip bilmek durmuş hakykatyna däl-de, erteki hakykatyna öwrülip başlaýar…

Elbetde, birleri durmuşyñ täze sapaklaryny haýal, kynlyk bilen özleşdirse, başga birleri ony tiz özleşdirýärler hem basybalyjynyñ ýanynda ýüzli, abraýly adama öwrülmäge çalyşýarlar. Şeýdip duşmanyna-da ýalan sözlemedik türkmende ýalançylyk, ýaranjañlyk ýaly pes gylyklar, ikiýüzlülik köpelýär. Basmaçylyk hereketi, halk gozgalañlary, Jüneýit hanyñ, Eziz hanyñ göreşleri türkmenleriñ ilki patşa Russiýasy, soñ Bolşewikler tarapyndan ýöredilen kolonial syýasata meýletinlik bilen boýun egmändiklerini, öz erkana durmuşlaryny goramaga, türkmençiligi saklamaga çalşandyklaryny görkezýär. Galyberse, Bolşewikleriñ öz okadyp ýetişdiren milli kadrlarynyñ hem bir toparynyñ ýüreginde watançylyk bolupdyr, olar halky okatmak, öñe äkitmek ugrunda hereket edipdirler. Hatda Artykgul Tekinskaýa ýaly doly rus terbiýeseini alan ýesir türkmenlerde hem watançylyk duýgulary güýçli bolupdyr. Türkmen döwletliligini berkitmek, türkmen dili, edebiýaty, medeniýeti babatda edilen işlerde hem şu watançylygy görse bolýar. Ýöne zorlukly kollektiwleşdirme, adamlaryñ ýerinden-emläginden aýrylmagy, Stalin döwrüniñ arassalaýyşlary, gyradeñlik propagandasy, Moskwanyñ pagta palanlary hem etjegini edýär. Meniñ pikirimçe, türkmeniñ millet, halk hökmündäki şu günki kynçylyklarynyñ añyrsynda bir tarapdan Gazawat, Gökdepe gyrgynçylyklary, halk gozgalañlarynyñ basmaçylyk hökmünde basylyp ýatyrylmagy, baý-kulak diýip, halkyñ içindäki pikirlenip bilýän adamlaryñ köpçülikleýin ýok edilmegi ýatan bolsa, ikinji tarapdan sowet sistemasynyñ döreden ýaman gylyklary, adamy adam sypatyndan aýyrýan açgöz häsiýetleri ýatyr. Aýdaly, biz sowet döwründe halkymyz sowatly, bilimli boldy diýýäris. Dogry, türkmende okap-ýazyp bilýän köpeldi, ýokary okuw jaýynyñ diplomyny alan milli kadrlar hem kän. Garaşsyzlyk ýyllary bilen deñeşdirilende, 1970-1980-nji ýyllarda Türkmenistan saglygy saklaýyş, magaryf babatda ösýän respublikady. Ýöne biz şol döwür mekdep okuwçylarynyñ ençeme aýlap gowaça meýdanyn sürlendigini, ýokary okuw jaýlarynyñ diplomlarynyñ gaty köpüsiniñ tanyşlyk, para-peşgeş bilen alnandygyny hem boýun almaly. Muny hemmeler bilýärdi, emma bu barada aýdylmaýardy. Şeýdip türkmende dilde bir zat diýip, ýürekde başga zat saklamak kada öwrüldi. Berim-peşgeşçilik, parahorluk durmuş-ýaşaýşyñ aýrylmaz bir bölegine, belki-de sütünine aýlandy. Gepiñ gerdişine aýtsam, bir ýazyjy daýym ýogaldy, ili çürkäp tütjar bolupdy, hiç kim jaýlamaga gelmez diýip gyssanyp gitdim, barsam adamdan ýer ýok, geñ galdym gürrüñ beripdi. Halkyñ egriligiñ, ogrulygyñ, ýalanyñ öñünde dyza çökenini sen görmedik bolup bilersiñ, inkär edip bilersiñ, ýöne gyzza-gyzza gelende şol “sütün” seni büdredip ýykar, mañlaýyñy ýarar… Adamlar ýokardan aşak, aşakdan ýokaryk korrumpirlenen, bozulan jemgyýetiñ içinde çäresizdir, ejizdir, barara gapy, ýaplanara direg ýokdur, onsoñ ol ýa bilip, ýa bilmän, şol çüýrük jemgyýete gulluk etmäge başlar. Käbirleri bu meseläni göreşip, ýokaryk arz edip, ýazyp çözjek boldy, emma köpler onuñ bilen sessis şertnama baglaşdy. Onsoñ birwagt top-tüpeñli duşmanyñ öñünden gylyçly çykan, bakna bolandan maşgalasy bilen gyrylmagy dogry tapan türkmeniñ içinde adam satmak, KGB-ä agent-şugulçy bolmak dereje boldy, görnetin ýalan, töhmetçilik, güýçlä ýaýaplamak, ejize ganymlyk adata öwrüldi. Kolonial ýazyjy halk ýazyjysy diýen at-derejäni almak ugrunda göreşdi, kolonial syýasatçy halk gahrymany hökmünde taryha girmek isledi. Kolonial diplomat özüni diktaturanyñ garşysyna mert durup göreşen hasaplady. Ýöne ol Staliniñ adamhorlugyna, kolonial syýasatyñ öz halkyny nähili agyr güne salandygyna ýa düşünmeýärdi, ýa düşünmek islemeýärdi. Dogrusy, muña düşünmek onuñ üçin amatsyzdy. Ol gaty çuña gidipdi. Taryhdaky gyrgynçylyklary, faktlaryñ ýoýluşyny görmedik bolmak, bolýan tersliklere düşünmedik bolmak añsatdy. Görseñ, düşünseñ, olara garşy durmalydy. Garşy duranlaryñ nähili güne düşeni ne ýasyjynyñ, ne syýasatçynyñ, ne-de diplomatyñ ýadyndan çykar ýaly bolupdy. Onsoñ ol içinden özüni aklamalydy, malym, emlägim ýok, işden kowulsam nirä gideýin, çagalary kim eklesin? Bu dogrudy. Ony öz söýgüli partiýasy şeýle duzaga düşüripdi…Gökdepe urşundan gaýdýan añ gulçulygy barada gürrüñ edilende, sowet metbugaty hakynda hem iki agyz aýtmazlyk sylagsyzlyk bolar. Bu metbugatdan adamlar nadaralygy, öweniñi öküz, syndyranyñy doñuz etmegi öwrendiler. Kolonial syýasatçynyñ, kolonial ýazyjynyñ, kolonial diplomatyñ pikirine görä, metbugat propaganda guraly, söweş meýdany we ondan garşydaşy nyşana almaly, wejera etmeli, ýeñiş seniñ näderejede ussat demagoglygyña bagly. Bu “eziz babamyz” Leninden gaýdýardy. Ol Stalinde aýylganç derejä ýetipdi. Gynançly ýeri, şindi hem dowam edýär, añda, üşükde, post-sowet mentalitetinde dowam edýar. Bu mentalitetden dynmak üçin ozaly ruhnamaçylykdan dynmaly, sebäbi ol kolonial syýasatyñ dowamy, türkmeni yzagalaklyga, baknalyga itekleýär. Eger ruhnamaçylyk dowam etse, türkmen topragy çig mal bazasy bolmakdan hiç wagt çykmaz…

Gökdepe gahrymanlarynyñ, türkmen topragyny ganym duşmandan gorap ölen ähli gerçekleriñ ruhunyñ öñünde biziñ il-ýurt diýýän adamlarymyzyñ etmeli bir işi bar, olar ili okatjak bolmaly, kolonial syýasatdan, beýni ýuwmalardan, ýalan propagandadan halas etjek bolmaly. Munuñ üçin häzir interneti gowy ulanyp boljak. Belki, Türkmenistanda häkimiýetler internet baradaky wadalarynyñ yzynda durarlar. Şonda, eger türkmen intellektuallary işleseler, George Orwell, Robert Qonquest, Anne Applebaum, Hugh Pope ýaly awtorlaryñ, diktatura, sowet türmleri, türki halklar hakdaky işlerini, dünýä klassyklarynyñ, filosoflarynyñ eserlerini türkmenler öz dilinde okar ýaly edip bilerdiler. Umuman, soñky 16 ýylda türkmenler okuw, bilim, düşünje babatda gaty pese, ýagny “Ruhnama” derejesine çenli aşak gaçdylar. Bu çukurdan çykmak üçin prezidentleriñ çalyşmagy ýeterlik bolmaz, añ-düşünjäniñ çalyşmagy gerek. Añ-düşünjäniñ çalyşmagy üçin bolsa, şu gün, gahryman türkmenleriñ hatyra gününde bir durup, oturyp oýlanyp görmek gerek. Biz näme işleýäris, wagtymyzy nämä sarp edýäris? Türkmen ilki patşa Russiýasyna, soñ Kommunistik partiýa garaşly bolan bolsa, indi Gazproma garaşly. Bu ajy hakykat bilen biz Gökdepe urşunyñ 127-nji ýyl dönüminde hem ýüzbe-ýüz durus. Bu ýene näçe onýyllyk dowam eder?.. Türkmen topragy üçin baş goýan gahrymanlaryñ ruhy bu uzaga çekmeden ynjamazmy!?

Ölüp ýeñen gahrymanlar öz işlerini etdiler, olaryñ ýatan ýerleri ýagty bolsun. Nobat bizden, dirilerden!

(Makala taýýarlananda N. Hojageldiýewiñ, S. Öwezbaýewiñ toplan taryhy maglumatlaryndan peýdalanyldy.) Praga, 11-nji ýanwar, 2008.www.annagurban.com

 TÜRK GÜNDEM

Yorumlar

“358) RUS-TÜRKMEN GÖKTEPE SAVAŞI” yazisina 34 Yorum yapilmis

  1. Ertuğrul Kapusuzoğlu yorum tarihi 14 Ocak, 2009 05:35

    Türk tarihinin ayrıntıları, maalesef hezimetlerde gizlidir.
    Zaferlerimiz kadar, hezimetlerimiz de halkımıza öğretilmelidir.
    Acaba, devletin bir takım birimleri, Milli Eğitimin, Kültür Bakanlığının, Üniversitelerin bir takım birimleri, halkımız kendi tarihini ne kadar biliyor gibi bir soruyu kendi kendilerine soruyorlar mı?
    Soruyarlarsa ne cevap alıyorlar.
    Türkmen kardeşlerimi tebrik ederim.
    Bizim için ne ayıp.
    Göktepe’yi de şehitlerini de yeni öğreniyorum.
    Fatihalar gönderiyorum.

  2. Süleyman Mehmet yorum tarihi 21 Haziran, 2009 18:22

    keşke biz tarihimizi iyi bilsek ve iyi anlatsak ..ne yazıkki hala Türkmenler biz Türküz demiyorlar ama isimleri Türkmen yani BEn Türküm anlamına geliyor …Kazaklar Özbekler ve digerleri sovyetler dagıldıktan sora Türkiye oraya iyice yerleşmeliydi gerçi baya bir yerleşme oldu ..artık Türk birligi kurulsun ve dünya 2 kutuplu degil bir kaç kutuplu olsun tek güç Türkün gücü olsun …

  3. kaan mert yorum tarihi 3 Ocak, 2012 16:55

    helal türkmenlere

  4. kaan mert yorum tarihi 3 Ocak, 2012 16:56

    berek rusya

  5. Mojekler Mekany: Turkmenistan yorum tarihi 9 Ekim, 2015 19:06

    tebrikler! soydaşlar olarak milli birligimizi bagimizi kuvvetlendircek buna benzer yazilar çok yazilmali.

  6. Mojekler Mekany: Turkmenistan yorum tarihi 14 Ekim, 2015 08:27

    Bununla ilgilenenler için Gökdepr konusunda en iyi yazilan eser olarak göreceginiz Salkımsöğüt yayinlarindan turkçeye çevrilip çikmiş olan Ata Govşudov’un Ferman romanini okumayi tavsiye ediyoruz..

  7. Kurtlar Vadisi: Turkmenistan yorum tarihi 21 Ekim, 2015 21:16

    http://www.enedilim.com‘da Göktepe savaşini gerçek hikayelerle baglanişdirip yazilmiş en iyi roman var “Göktepe kalesi” diye. Yazarı Narkılıç Hocageldiyev.dili türkmence, metini pdf. okumayi tavsir ediyoruz. Ilginç tarihi roman. ve yine o site’de Seyit Murat Övezbayevin Gönübek diye romani var. Gönübek bir muzisyen yani halk ozani ve millet vatan için Göktepede bir kahramanlik destanini yazarak şehit düşüyor..Okumayi tavsir ediyoruz. Çok tesirleneceksiniz..

  8. Börü Budun yorum tarihi 21 Ekim, 2015 21:24

    Türk milletlerinin tarihinde boyle destansi direnişler çok azdir ve dört tanedir.Birincisi 1804 Gence direnişi, ikincisi Kaşkay türklerinin ingilizlere karşi direnişi, üçüncüsü Çanakkale direnişi ve dördüncüsü hem Göktepe direnişi.. Bu destansi dört direniş hikayesini bir türk olarak bilmemek çok ayip olsa gerek.. Kitaplar az olur kitap okumayan çok maalesef. Diziler lazim bunlari hepimize anlatmaya..

  9. Celaleddin Güzelyurt yorum tarihi 21 Ekim, 2015 21:47

    Merhaba arkadaşlar ben beş yildir Türkmenistanda yaşiyorum. Burasi ve indanlari çok güzel. Ben tarihle ilgilenmeyi çok seviyorum. Ilkbaşda okumay a türkçe kitap bulmakda zorlandim. Sonra türkmenceye alişip türkmen romanlarini okumaya başladim. Çok güzel bir dünya imiş türkmen edebiyati. Maalesef bu edebiyati dunyaya tanitan az. Benim en etkilenen tarihi romanlarim Berdi Kerbabayev Kararli adim, Ata Govşudov Ferman, Beki Seytekov Bedirkent,Kardeşler, Tirkiş Cumageldiyev Kara Yildirim, Atacan Taganov Saragt kalesi, Narkılıç Hocageldiyev Göktepe kalesi, Mehmet Seyidov Kesearkaç, Çarı Aşırov Mücadele, Ikizler, Hizir Deryayev Kader, Rahim Esenov Turan’in gözyaşi, Sarı dominionun gölgesi, Sabahdaki gölgeler, Yazmurat Mehmediyev Şafak, Kılıç Kuliyev Kara kervan, Annagulı Nurmehmedov Oguz yurdu, Övzdurdı Nepesov Firagi, Tanrigulu Taganov Mahtumkuli ve ş.m Kardeşler güzel Türkiyemizde maalesef türkmenler az taniniyor veya taninmiyor. Kati rejimli ülke oldugundan ilgilenenler az. Lütfen rejimle ne işimiz olsun ki, insanlarini sevelim kardeşlerimizi taniyalim. En azinan kendimizi sevdirmek için sevmeyi bilmelive bunu yapmaliyiz. Yukarda yazdigim roman atlarinin türkçeye çevrileni hem varmiş. Onlarin hepsi türk kitapseverlerine tanitilmasi lazim. Şu anda Nazar Geldiyevin Alevlerin içinde romanini okumakla meşğulum. Çok güzel roman. Bitirdiken sonra Nariman Cumayevin Aydogdu Tahir romanini okuyacagim. Ikisi hem ikinci dünya savaşini ve o savaşda bir türkmen askerinin başindan geçenleri anlatan çok enterasan kitap. Hoşça kalin. Allaha emanet olun…

  10. Bay Muhammet Gurban Muhammet ogly yorum tarihi 22 Ekim, 2015 23:01

    iñ meşhur we ussat türkmen romançylary Berdi Kerbabaýew, Ata Gowşudow, Gylyç Kulyýew, Beki Seýtäkow, Atajan Tagan, Rahym Esenow, Tirkiş Jumageldiýew, Öwezdurdy Nepesow, Sapargeldi Annasähet Inerogly..

  11. Nohurly gardaşlar yorum tarihi 22 Ekim, 2015 23:08

    Siyasi fikirleriyle yabanci yurtlarda ABDde Rusyada Isveçde Norveçde hem gurbetde yaşiyan ve önemli eserler veren yazarlar var, mesela Akmuhammet Velsapar, Saparmurad Övezberdiyev, Durdı Muhammet Gurban, Yovşan Annagurban, Annagulı Nurmehmed gibi v.s

  12. Hazar ötesi yorum tarihi 23 Ekim, 2015 08:02

    Sapar Murad Türkmenbaşı “Dutar ve Gıcak”: Gök Börüli tugı sındı türkmen’iñ, Sındı onun gök börüli baydagı, Deprek depi, legze, tagara,tebli, Yetmiş iki sazı sansyz guralı, Huday bilsin haysy aman dargadı! Dutar bilen gıcak aglayar zar zar, Megerem türkmene Tanrı gargadı, Oguz yolı yodalara dargadı. Hani Göroglı dey lükgeligine Özüni halkına bagş eden Serdar! Dutar bilen gıcak aglayar zar zar, Rysgal dövlet ilden yüzüni sovyar. Il ulusdan dövür dövran dönende Pähim ovnar, payhas ovnar, yol ovnar. Hanlar ovnar Begler ovnar il ovnar. Dutar bilen gıcak aglayar zar zar, Niräk yetsin onuñ eciz ovazı?! Yodalar birigip övrülyär yola, Yol yoda bölünse yiter dovamı. Dutar bilen gıcak aglayar zar zar, Ullakan yurt tirä, taypa, uruga bölünip düşüp dur duşman girsine, Çarhıpelek çarhın ayladı tersine. Gurt türkmenler dönüp pytrap baryar Gelegurda düşen duşman sürsüne. Dutar bilen gıcak aglayar zar zar, Tamdırı köpelse agzala oban, Han begi köpelyär agzala halkıñ. Köpelyär jeñ jenjel, yatyryp bagtyn, Pyragı aglayar Soñudagında. Iller dagdı bolup uruşdan j!eñden, Dargayar Zamanañ harasadında. Bir halk: telim dürli tug sancak baydak! Ey ullakan yurdum keç geldi ykbal! Ulug halkım ulug yurdumı yıkyar Kiçicik Payhas, Kiçicik Bähbit, Kiçicik Hanlar… Dutar bilen gıcak aglayar zar zar

  13. Türkmenistanlı Ülküciler yorum tarihi 23 Ekim, 2015 08:16

    Sapar Murat Türkmenbaşi’nin “Türkmen’in beş zamanının ruhu” şiirler kitabından “Oguz bayragı” şiiri: Oguz tugı gök güneşi, Gök yüzi onun çadıri. Etrafinda ogullari, Yüz binlerce yigidi. Ay onun baltasi, Yildizlar’sa nayzasi. Oguz hana berildi bu alem’in hanligi. Gökden yere alev düşti Arşın ot’dan kurdu ol. Ay’dan ziyade keşbi, Peri peyker huri ol, Oguz hana yar’di ol. Aşk’la Oguz hani Yakip yandirip durdı ol. Gökden yere alev düşti Haykirarak indi aygır atı. Savaşlarda depip gapan Oguz hanin kartal atı. Savaş güni haykiranda Yerler gökler sandıradı. S.Türkmenbaşi.

  14. Aybek Musa yorum tarihi 23 Ekim, 2015 08:22

    Göktepe savaşi hakkinda birde ruslarin kendi agizlarindan duymak gerek. Mesela bu hakkinda M.Skobelevin kendi hatira kitabi ve Tugan Mürze Baranovski’nin “Ruslar Ahal’da” isimli kitabinda her şey canli canli verilmiş.. Okuyun

  15. Mojekler Mekany: Turkmenistan yorum tarihi 23 Ekim, 2015 10:35

    Yeniden Ergenokon sitesinde Yovşan Annagurban gibi vatanina ihanet ve rahmetli Cumhurbaşkanimiz Saparmurad Niyazova hakaret ederek ülkeyi terk eden bir hainin makalesinin burda yerleşdirilmesinden bir vatanperver türkmen gençleri olarak çok üzüldik.. Y.Annagurban ülkeyi terk edip Çekiya gibi Avrupa devletlerinden Türkmenistan ülkemize bok atan ve CIA’nin resmi medyasi olan Azatlık radyosundan agzina geelen her yalani konuşan ve bu hainligi yüzünden ekmek kazanip iyen biridir o. Umuyoruz Yeniden Ergenokonda bu bir bilmezden gelen hatadir..

  16. Abdurrahman Düyeci yorum tarihi 23 Ekim, 2015 10:40

    Göktepe savaşi hakkinda Iranli türkmen yazari Yusuf Gocuk’da mühteşem bir roman var. Romanin adi: “Göktepe kalesindeki savaş”.

  17. Muhammet Nazar Gapurov yorum tarihi 26 Ekim, 2015 02:32

    Tarih insanlara dogru anlatilmali.Tarih anlatilanda öncelikle halklarin geçmişde bir birleriyle olan savaşlarini anlatdiklarinda titizlikle anlatilmali. Tarih dogru anlatilanda halklar geçmişde olanlardan dolayi bir birlerine karşi nefret degil de sevgi duymali yakinlik ve dostluk duymali. tarihçiler bütin bunlara dikgat etmelidir. Mesela tarihde Osmanlilarla Rusya birkaç kez savaşdi diye rus milletiyle düşman olmak lazimmi? Rus türk savaşlarina götüre ortamlari bu savaşlari körükleyen ingiliz fransiz gizli ellerini ve amaçlarini ögrenerek bu gunler hem o pis amaçlardan vaz geçmeyen emperyalist güçlerinin içini çatlatarak o bizim güzel dinimize de milletimize de düşman degil ama her ulus devlet gibi ulusal çikarlari olan ve Türkiye gibi bir ulus devlet olmaya yakin bir devlet olmaya aday bir ülke ile bazi yerlerde çikarlarinin ters düşmesini dogal bir şey kabul ederek islama düşmanligi olmayip aksine islama daha kolay ve islama sempati duyan bir milletle dost olmsk sadece Türkiyenin çikarlarinadir. Biz tarih çeşmelerinden Göktepe savaşlarinda rus ordusunda Dagistan Kafkasya islam birliklerinin oldugunu iyi biyoruz veya Çanakkale savaşlarinda ingiliz ordularinda Afrikanin çeşitli yerlerinden musliman birlklerinin savaşa katildigini biliyoruz. Şimdi soyleyin bunun için siz bugun Afrikanin musliman hslkindan nefretmi ediyorsunuz veya biz hem Dagistanli Kavkasyali Şeyh Şamil gibi kahraman insanlarin torunlarina düşmanlikmi beslemeli???

  18. Suhan Babayev yorum tarihi 26 Ekim, 2015 02:39

    geçiniz bunlarin hepsini! Tarihi kullanarak milletleri bir birine düşman etmeyiniz.. Dini kullanarak R.T.Erdogan gibi siyasetinize alet etmeyin. Tarih ve Din herşeyden ustündür güzeldir. Tarih dersdir. Din çiragdir. Ikisinr hem siyasetin kirli kollari bulaşmali degildir..

  19. Şaca Batirov yorum tarihi 27 Ekim, 2015 17:35

    Şaca Batirov gibi Staline birçok yerde ders veren bir türkmen liderinin oldugundan haberiniz varmi?. O yüzden Stalin onu Gürcistana bir dönem liderlige atamişti. Rusya tipki Türkiye gibidir. Içinde birçok halklar var, hepsi de bir birine kardeşdir. Birçok asirlar kardeş gibi yaşamiş halklari tarihde olanlar yüzünden bir birine düşman etmeyiniz. Rusya islama düšmanlik besleyen devlet degildir, aksine ruslar islama daha kolay milletdir. ABDye bakin birde Rusyaya bakin. ABDnin Islama Türklere ve türk milletlerinin bir birine yakinlaşmamasi için etmedigi kötülükleri kaldimi? Rusya inşallah ALLAHin izniyle islamla şerelenecek ve dünyaya hakim olacak… Türkiye ABD müttefikliginden hemen vazgeçmelidir ve okean ötesi ayı dostlugundan vazgeçerek yanibaşindaki dostuna geri dönmelidir. Türkiye bunu Rusya ile iç içe yaşiyan ve Rusyanin içinde kalan kadim türk soydaşlari için yapmalidir…

  20. Jumadurdı Karayev yorum tarihi 30 Ekim, 2015 00:47

    Gökdepe savaşinda ahmak halki savaşa sürükleyen han beylerin bazilarina ingiliz ajanlarinin etkisin olduguna dair kanitlar var. Sebep ingilizler Hindistana sari ilerleyen ruslarin ayagina türkmenlerin takilmasini çok istiyordular. Amaninin modern silahli rus ordusunun karşisina savaşmanin milleti soykirima ugratacakdigini anlayan akilli han beyleri hainlikde ve kafirlikde ayiplayan han beyler savaşdan sonra rus çarinin sarayinda agirlanarak haçli madalyalari aldilar rus sarayina maaşa baglandilar.. oldu oldu fakir fikaraya oldu.. işte bu hem Gokdepe savaşinin kirli bir sayfasi..

  21. Halmurad Sahetmuradov yorum tarihi 30 Ekim, 2015 12:36

    Gökdepe soykirimi bilinçli yapilan bir soykirim. Rus ordusunun yüzde ellisi Dagistanli Kafkasyali musliman askerleriydi.. Rus ordusunun başinda duran general M.Skobelev hem bir rus masonu.. Öldürilenlerse musliman turkmenler…Gerisini suz düšünin..

  22. Balış Övezov yorum tarihi 4 Kasım, 2015 18:49

    Bir dönem Türkmenistan SSC’nin birinci sekretarligini yapan aslen ülkenin Daşoguz vilayetinden olan Balış Övezov’un oglu Moskovada okuyormuş. Moskovaya giden Türkmenistanli devlet bakanlarinin biri Övezovun ogluna yükli muktarda harclik olsun diye para vermiş. Sonradan bunu bilen Balış Övezov oglunu çagirmiş ve benim bakanlarimdan rüşvet alarakmi bitirmeye geldin buraya okumaya veya kendin okuyup adam olup hayatinda kendi kendin bulmayami geldin yada Birinci sekreterin ogluyum diye başkalardan kendini üstünmü tutuyorsun???? eger boyleyse birak bu havayi fikirlerini. ben hiç bir şekilde mevkimden faydalanarak çocuklarimin halkin içinde gezmesini istemiyorum demiş ve o parayi alarak bakani hem huzuruna çagirmiş ve sen benim ogluma gizli gizli para aktarip benden özel merhametmi istiyorsun? eger yine bir daha böyle durumun tekrarlandigini duyursam kellen gitdigini bil demiş… Işte gerçek lider böyle olmali, varmi bi devirde onun gibi halal liderler…. Allah rahmet etsin Balış Övezova… Onun gibi rus koltugunun altinda halki için zahmet çekerek ölüp giden mert adamlar hem en azindan Göktepe şehitleri kadar azizdir….

  23. Gaygısız Atabayev yorum tarihi 4 Kasım, 2015 19:13

    Bugünki Bagimsiz Türkmenistanin dünya haritasinda devlet olarak yer almasinda Türkmenistan SSC’nin ilk lideri Gaygısız Atabayevin payi büyükdür. O bir yandan Enver Paşanin dostu Türkmenistan basmaçilarinin lideri Gurban Mehmet Cüneyit Hani yer altindan desteklemiş ve bir yandanda Türkensitanin kuruluşunda toprak kazanmakda önemli rol oynamiş. Ve hatda bir rivayet var: Buhara hanligindan alinan Lebap vilayetinin bazi illerinde yaşiyan türkmen ve özbek kani karişip kendini türkmen sanmak istemeyen aşiretler olmuş. bugunlerde onlara tatlar diyorlar. Atabayev Moskovadan aldigi emir icabi Cumhuriyet olmak için insan nufüsünü kayida geçirmek zaruriyetligi varmiş. Moskova türkmen nufusunun cumhuriyet oranina yetmezse otonomiya verecegini söylemiş. O yüzden Atabayev kendine türkmen demek istemeyen tat aşiretinin kafasina tabanca direyip bir gecede bon binlerce türkmen pasaportu vermiş.. Işte boyle lider G.Atabayev… O bir kez türkmen aydini Seyitmurat Övezbayeve bu kurdugum devleti nasil görüyorsun demiş. Övezbayev ona kötü degil ama yüp ruslarin elinde demiş. Atabayev ona esas olan devleti kurmak. Allah Kerimdir. Inşallah birgün o yüp kendi elimize geçecek demiş. Atabayev Kaka ilindendir ve o aşiretinde hürmet gören Taç Gök Serdarin ogludur. Taç Gök Serdara bir kez afgan jani yüz tutmuş önemli bir mesele için. Taç Gök Serdar ata binip gitmiş ve afgan hanini hoşnut etmiş.Afgan hani ona hut kendi kizini nikahlayip vrmiş. O nikahdam hem Gaygisiz olmuş. Gaygısiz küçük yaşda anasiz babasiz kalmiş ve o nohur aşiretinden bir zengim ailede büyümüş. Nohur ailesinin oglu Muhammetgulu Atabayev ile kardeşlik olup onlarin soyadini götürmüş.. Özbekistanin Taşkent şehrinde beraber okuyup büyük adam olmuş.. Allah Gökdepe şehitlerinin kanini devlet kurarak yerine salan Gaygisiz Atabayeve rahmet eylesin.. Gaygisiz Atabayevin büyüklügünü geç de olsa duyan ingilizlerin ve yahidilerin sovyet devletinin içine yerleşdirilen adamlari Moskovaya çagirarak yok etdiler…. Tarihimize yön veren liderlerimizin ruhu şad olsun…

  24. Abdulhakim Gulmuhammedov yorum tarihi 4 Kasım, 2015 19:34

    Türkmenler büyük milletdir. Tarihde kurulmuş tüm devletleri türkmenler kurdu. Osmanliyi türkmenler kurdu. Biz kurduk, türkler yaşatmayi başarmadi o güzel devleti… Osmanliyi diş güçler yikmadi. Osmanliyi Osmanli yikti. Türkün türkden başka dostu yoksa türkün türkden başka düşmani’da yok. Osmanlinin büyük başarilarinin yaninda hatalari çok büyükdur. Başdan başlayalim. Altin Ordunun Kirim Hanliginin yikilmagina göz yumup ruslarin büyümesine yol açdilar. Endulus devletinin yikilmadina göz yumup islamin batidan silinmegine yol açdilar. ispanyadan getiren yahudileri turkiyey yerleşdirip sebataycilarin osmanlinin bagrinda yara açilmagina sebebiyet verdiler. Şeyh Şamil 20 sene ruslara karşi savaşdi, türklermi vardi yardima?? yada Türkmenler Gazavatda Gökdepede ruslara karši savaşarak öldüler.. soydaşlarimizmi geldi yardima? Hive Buhara hanliklari bizi asirlarca çaptilar soydular, buhara hive hanlari Osmanli halifinden yarlık aliyordular. boyle sonuç kafamiza geliyor bazen osmanli sultanimi veriyordu ruhsat türkmenleri soykirima uçratmaya?? Yinede osmanlilar o Buharayi Hiveyi ruslara karši korumayi bile bilemediler. Ruslar ingilizlerle rekabetdedi o günler. Onlar Hindistana göz ayliyordular.. Ingilizler ruslarla savaşdirarak türklerin gözünü bagladilar ruslarim ayagini bagladilar.. Osmanlilar Babur imperyasinin hem yikilmagina göz yumdular… Hata bir šeyde: Avrupada gavur devletler tek degil. Çakallar gibi çok.Ama Osmanli tek. o Afrikada bir büyük islam devleti Asyada bir büyük islam devleti Avrupada bir büyük islam devleti yaratan olsaydi,o zaman farkli olurdu müttefiki olurdu düşmanlara karşi direnmeye…

  25. Bir Putin Danişmani: Cahan Polliyeva yorum tarihi 26 Kasım, 2015 04:45

    Ey Davutoglu! Ey Erdogan! Ey AKP! siz yinede kullaniliyorsunuz. neden rus uçagini düşürdünüz, Büyük Şeytan ABD’nin ve yalakasi Avrupanin ne zaman işgalindan kurtulacaksiniz? Bir zamanlar ingilizler Osmanli ordusundaki yahudi ajanlarinin eliyle rus gemilerini batirarak rus türk savaşlarini çikartmişdi. ingilizler bir okda hem Osmanliyi yikima hazirliyordu hem Hindistani işgal sirasinda onu Babur imperiyasina yardima koşacak halini birakmiyordu hem Osmanliya zor gunde müttefik olacak Hindistandaki bir islam devletine son veriyordu hem Rusyanin Hindistan arzularina balta vuruyordu. Sarikli musliman kiliginda ingiliz ajanlarinin 1879 ve 81 öncesi türkmenlerin içine gelerek onlari yer altindan ruslara karşi ayaga kaldiran hem yine onlardi. Oldu oldu garibana oldu. Savaşa gitmeyen haindir diye haykiran Dikma Serdar savaşdan sonra Rus Çarinin maašina baglandi. Onun oglu Oraz Serdar Aşgabatda ingilizlerle ittifak kurup az zamanda olsa geçici hükümet kurdu.Tarih tekrar ediyor. Gelecekdeki Rus Türk birlikdeliginin vetecek gücünden korkan Bati ve ABD yine o oyunu oynamak istiyorlar… Turkiye yetkililerinin IŞIDin elinde bulunan petrol sevkiyatlarindan elde etdigi kazançlari yüzünden Suriyedeki turkmenleri bahane edinerek ve sinir güvenligini bahane edinetek aslinda IŠIDi korumaya çalişmasi hiçde şaşirtici degil. Bir misal: Kobanide neler oldu? Yada Süleyman Şah türbesi falan filan… neden sinirda cirit atan IŠID ve her dürli trror gruplarina bu kadar tepki vermiyorsunuz.. uzakdaki Avstralya IŞID için alarma geçiyorda bu gun size nerdeyse komšu olan IŞIDe karši onlem almiyorsunuz? Yunanistan her gün sizin hava sahalarinizi ihlal ediyor. onlara neden karşilik vermiyorsunuz? Sag kurtulan rus pilotu her şeyi açiklamişdir: turkler tarafindan hiç bir uyari yapilmadi ve uyari yapilacak şekilde türk sinirina yaklaşilmadi biz sinirdan dört kilometr uzakdaydik. o zaman ABD ve Hollandali pilotlar duymuşdur diyorlar. Ne kadar komik. Vatan Sizin olsa Siz neden duymadiniz onu? Kim Sizi kullaniyor? Siz ne zaman ABD ve Bati esirliginden kurtulacaksiniz, ben bir Putin danişmani Cahan Pilliyeva ve ben aslen Türkmenistanli, çocuklen annemin dedikleri şimdide aklimdan çikmiyor. Bu sovetlerin ateist programlarina bakma, sovyetler bir gun dagilacak ve yerine Rusya kurulacak. Rusya bir gun islamla şereflenecek ve mutlaka dünyaya hüküm edecek. Bende diyorim ki: Ey Turkiye ve aziz milleti! o masonlarin ve gizli Ilyuminaty örgütünin maşasi olmuş AKP iktidarina inanmayin, o sizi hep kandirdi ve şimdide kandirmaya devam ediyor..

  26. Bir Aytunç Altindal hayrani: Celaletdin Çarıyarov yorum tarihi 29 Kasım, 2015 13:01

    Bir zamanlar Osmanli sultani Abdulaziz çevresine toplanan birtakim kurt postlu çakal huylu mason paşalarin ne yapdiklarindan habersiz Avrupani nasilgezmişse, Avrupa saraylarinda nasil agirlanmişsa, bugunde oyle,Tayyip bey hergun kapi kapi dolaşiyor aman bizi AB’ye alin diye. Abdulaziz zamanlarinda Osmanli duyarsizligi yuzunden 20 yil direnen Šeyh Şamil esir düşdü. 1873de 1879da 1981de ruslar turkmenleri soykirima ugratdi, Hive, Buhara, Kokant düşti. Bugunde AKP AB ne dediyse onu yapiyor, asil yapmak zorunda hem. Rus uçaginin sinira yaklaşmagina önceden beklenmişti. Yalan soyluyorlar, halki kandirmaya çalişiyorlar, guya Vatan sinirini korumuşlar. oonceden gelecegini biliyorsaniz askeri ve diplomatik kanallarla rus tarafina iletseniz olmuyormu? Türk tarafinda hain ne kadar çok, Turkiyenin Rusyayala yakinlašmasindan ve Rusyanin IŠIDi yok etmesinden rahatsizlik duyan pis baronlar yapdi bunu….

  27. Bir hindi isyancisi: Mangal Pandey yorum tarihi 2 Aralık, 2015 07:00

    yalan, yalan, yalan… Ýüzyillarca Hindistani sömüren ve Osmanliyi Eyrana, Eyrani Orta Asyaya, Orta Asyani bir birine düşman eden ingiliz tilkileri yine iş başinda. Türkiyeyi Rusyayay karşi kullanmak istiyorlar. Sadik Britani gibi Şedid kuklalarinin bin daha kötüleri Turkiyede var.. Ýüzyillarca akan şehid kanlari, Gökdepe ve Çanakkale şehitlerinin ahi ve Hindistan mazlumlarinin gözyaşi tutsun onlari…

  28. Ergün Poyraz yorum tarihi 2 Aralık, 2015 22:20

    Musa’nin çocuklari yine iş başinda…

  29. Bir Ömer Çelakil hayrani: Murad Köynekov yorum tarihi 2 Aralık, 2015 22:26

    Dolar ve dolardaki piramit resimindeki göz Deccali işaret ediyor, tarihde yecuc mecuc türklerden çikar diye boş söylememişler, AKP yecuc mecucun ta kendisidir..

  30. Ilhan Taşçı yorum tarihi 2 Aralık, 2015 22:29

    Ampül yine patliyor… maalesef zarari bir tek türklere degil, diger türk milletlerine hem yetiyor…

  31. Cahar Dudayev yorum tarihi 2 Aralık, 2015 22:35

    bir rus pilotu öldü diye Ortadogu ve Türkiye karişdi, ama Ortadoguda hergün yüzlerce müsliman ölüyor. Dini ne olursa olsun öldürilen her insana yazik.. Ama yüzlerce muslimanin bir hristianin cani gibi degeri yok bu devirde..

  32. Bir yahudi pezevenki: Joseph Germanoff yorum tarihi 4 Aralık, 2015 21:37

    hahaha, siz müslimanlar birbirinizi öldürün,kadinlariniz ise bir ekmek yada bir kuruş para için fahişelik yapsinlar. Biz yahidiler ise sizin her halinizden kasalarimizi dolsuralim…

  33. Deli Halid Paşa yorum tarihi 29 Ocak, 2016 22:59

    Deli Halid Paşalara, Enver Paşalara, Yakub Hanlara, Berdi Murad Hanlara, Amangeldi Gönübeklere, Cüneyit Hanlara, Şammı Kel’lere, Eziz Hanlara selam olsun. Bu Deli Halid Paşanin ve ingiliz kurşununa dizilen şehid Eziz Hanin kaderi ayni ve bir birine çok benziyor. Ey kahraman türk milletleri ve gençleri! Siz ne zamana kadar Hollywood’ın robot, örümcek, uzayli sahte kahramanlarini örnek almayi birakacaksiniz? Ne büyük tarihimiz, ne aziz kahraman atalarimiz var bizim, gelin Onlari örnek alalim, onlar gibi olalim. Bizim gibi milletin dunyanin geleceginde munasip yerimizi alamayan durumumuz varsa, bu tehnoloji ve ilimde degilde, örnek alacak kahraman atalarimizin kutsal ruhundan uzakda kalmagimizdadir…

  34. Magcan Jumabay yorum tarihi 4 Mart, 2016 10:31

    Yaşasin Turkistan, ey uzaktaki kardeşlerimiz olan türkler, biz Sizin bizimle kardeş olmanizi istiyoruz, Sizin Avrupalilara yakin olmanizi istemiyoruz. Birakin boş verin şu tv’larda, gazetelerde Avrupayi ABDyi eleştirip onlari dinsiz gorup,ama gerçekde o gavurlarla el sikişan ikiyuzli AKP siyasetini.

Yorum yap